
Baýramçylyk berekedi
Golaýda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygy dikeldilýän çagalara hem-de Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan iberilen, dürli datly miwelerden, süýjülik we beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar gowşuryldy. Çagalar iberilen baýramçylyk sowgatlaryny tüýs ýürekden we uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler.
Çagalaryň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary bu ýerde guralan çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesilleri barada yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez hoşallyk beýan edildi.







