TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Maşgala hakda alada

Maşgala hakda alada

11-nji dekabrda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ildeşlerimiziň ençemesine Arkadag şäheriniň Atda Rahmanow köçesiniň ugrundaky 9 gatly 54 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açarlary gowşuryldy. Dabara şäheriň häkimi, edara ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşaýjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaşlaryň, ýaşlygyň şäheri diýen ada eýe bolan Arkadag şäheri şanly senelerde dabaraly çärelere beslenýär. Ol bolsa ýaşlary Watanyň daýanjyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýar. Baýramçylyk dabarasynyň aýdym-sazly çykyşlar bilen başlanmagy oňa gatnaşyjylaryň guwanjyny, buýsanjyny artdyrdy.

Soňra dabarada çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyna ser salanyňda-da, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer gatnaşyklaryň ebedi hem-de milli ýol-ýörelge bolandygyny bellediler. Şanly sene mynasybetli ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ildeşlerimize serpaý edilmegi toýlarymyzyň goşa-goşadan gelýändigini görkezdi. Çykyşlarda täze jaýly bolmak bagty miýesser eden ildeşlerimiz şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş edendikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Şeýle bagtdan paýly bolan maşgalalary gutladylar.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi ildeşlerimiziň birnäçesine täze öýleriň açarlaryny gowşurdy. Bu tolgundyryjy pursatda täze jaýly bolan ildeşlerimizi çärä gatnaşýanlar el çarpyşmalary bilen mübäreklediler. Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşdylar. Häzirki zaman jaýlarynyň otaglarynyň ýerleşdirilişine we enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler. Myhmanlar täze öý eýelerini gutlap, olara täze jaýlarda uzak ýyllaryň dowamynda bagtly durmuşda ýaşamaklaryny arzuw etdiler.

Soňra toý şowhunyna beslenen aýdymlar ýaňlandy. Türkmeniň milli küştdepdi aýdymyna Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplaryndan düzülen tans toparlary küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.

2025-12-1715