
Türkmen alabaýy — gymmatlygymyz
Türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu çözgüt Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde 11-nji dekabrda geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde kabul edildi. Mejlisde seredilmäge hödürlenen 66 hödürnamanyň (54-si Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň, 11-si bolsa gyssagly goraga alynmaga mätäç bolan maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizilmek üçin) arasynda aýratyn gyzyklanma bildirilenleriň biri Türkmenistanyň hödürnamasy boldy.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň baý taryhy we medeni gymmatlyklary häzirki güne çenli goralyp saklanýar. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem özüniň akyllylygy, wepalylygy, düşbiligi bilen bütin dünýäni haýrana goýan türkmen alabaýydyr. Iň gadymy hem naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýan türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklere beslenen ýyllaryň biridigini ýene bir gezek äşgär etdi.







