TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Nurana geljegimiziň hatyrasyna

Nurana geljegimiziň hatyrasyna

Düýn hajy Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly hajy Serdarymyzyň gatnaşmagynda Milli Liderimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna Gökdepe metjidinde sadaka berildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Hajy Arkadagymyzyň külli musulman dünýäsi üçin mukaddes künjek saýylýan Mekgede ata Watanymyzyň abadançylygy, asudalygy, halkymyzyň nurana geljegi, eşretli durmuşy, geljek ýylymyzyň düşümli, rysgal-bereketli bolmagy üçin Beýik Biribardan dileg etmegi taryhy ähmiýetli wakadyr. Ol Gahryman hajy Arkadagymyzyň ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň geçmişi, şu güni we nurana geljegi babatda atalyk aladalarynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Türkmenistanyň müftüsi, asylly däbe görä, tebärek çykdy. Soňra Milli Liderimiziň zyýaratynyň hormatyna guralan sadaka gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi. Tagam dadylandan soň, aýat-töwir okaldy. Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri hatyralap, ýurdumyzda hajy Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyny, beýik Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadynyň geljekde has-da pugtalanmagyny, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi. Mälim bolşy ýaly, her ýylda ildeşlerimiziň köp sanlysy mukaddes Käbä zyýarat edýärler we haj parzyny berjaý edýärler. Munuň üçin ýurdumyzda ähli zerur şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi örän buýsandyryjydyr. Eziz Watanymyza sag-aman gaýdyp gelen ildeşlerimiz Beýik Biribardan Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan ähli sahawatly işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny dileýärler.

Soňra hajy Arkadagymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, edilen doga-dilegleriň, şu gün berlen sadakanyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Sadaka bermek ýaly asylly we mukaddes dessurdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sadaka gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

2024-12-11221