Ösen tehnologiýa — döwrüň talaby
Düýn Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahat bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen guraldy. Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişi güwänamasy arkaly tassyklanylmagy onuň giň dünýäde ykrar edilýändiginiň alamatydyr. Maslahata Türkiýeden, Özbegistandan, Malaýziýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Rumyniýadan, Günorta Koreýadan, Russiýadan, Belarusdan, Beýik Britaniýadan 22 sany alym, professor-mugallymlar we ýokary tehnologiýalar, «akylly» şäherler, emeli aň we kiberhowpsuzlyk babatda işleri alyp barýan daşary ýurtly kompaniýalaryň ýolbaşçylary geldiler. Şeýle hem 15-e golaý döwletden 30-dan gowrak alymlar, professor-mugallymlar göni aragatnaşyk arkaly onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlaryndan alymlar, hünärmenler, ylmy işgärler we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar bar.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezinde guralan sergä aýlanyp gördüler. Serginiň çäklerinde myhmanlar maglumatlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň täze tehnologiýasy, «akylly» öýlerde, şäherlerde ulanylýan enjamlar, emeli aň, intellektual ulgamlaryň tehnologiýasy bilen tanyşdyryldy. Ylmy-amaly maslahatda bolsa, «akylly» öý, şäher we zatlaryň interneti, olary dolandyrmagyň, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurt alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň ylymda we tehnikada gazananlary, innowasion tehnologiýalary barada maslahatlaşyldy. Şeýle-de ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde, sebit möçberinde hem-de has giň derejede ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin toplanan tejribeler paýlaşyldy.