TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Baýdak — belent mertebe

Baýdak — belent mertebe

Arkadag şäherinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy joşgunlylygy bilen tapawutlandy.

Ir säher bilen Arkadag şäheriniň toý lybasyna özboluşly sazlaşyk goşan esasy dabaralaryň biri-de Baş baýdak meýdançasynda geçirildi. Halkara Bitaraplyk gününiň dabarasy ýaşyl tugumyzyň al-asmana göterilmegi bilen başlandy. Toý meýdançasyna ýygnananlaryň arasynda edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar bar.

Döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda meýdança ýygnananlaryň ählisi çep gursagyna el goýup döwlet senamyzy ýerine ýetirdiler. Şonuň bilen utgaşykda mukaddes tugumyz baýdak sütüni arkaly al-asmana göterildi. Göwün göteriji bu pursat dabaranyň iň ýatda galyjy wakasy hökmünde hemmeleriň kalbyny joşa getirdi. Soňra toý meýdançasynyň sahnasyndaky münberde çykyş edenler ata Watanymyzyň hoşniýetlilik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz alyp barýandygy, dünýäde eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar hem-de umumadamzat ähmiýetli tagallalarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Baş baýdak meýdançasyndaky buýsançly gutlaglar, Arkadag şäheriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary dabara gatnaşyjylar üçin juda ýakymly boldy. Aýdym-saz, döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň tutumly işleri, dost-doganlyk gatnaşyklary öz beýanyny tapdy.

2024-12-1867