TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Sahawat sagadata sebäp»

«Sahawat sagadata sebäp»

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet taglymatynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan çagalar, ýaşlar, geljek baradaky alada jemgyýeti jebisleşdirmegiň, döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň, depginli ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň, onuň işiniň yzygiderli giňeldilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi türkmen halkynyň özboluşly ynsanperwer ýörelgelerinden gelip çykýar.

Bilşimiz ýaly, 7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler, onuň serişdeleriniň sarp edilişi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakynda hasabatlar diňlenildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işi barha kämilleşdirilýär. Hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak maksady bilen, häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar. Arkadag şäherindäki amatly şertler döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi-de munuň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüztutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak, diňe şu ýylyň özünde bolsa 261 sany operasiýanyň geçirilendigi, köp sanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylandygy, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilendigi ynsanperwer ýörelgeleriň barha giňden dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde mümkinçiligi çäkli çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi. Merkeziň çagalar bagyny şu ýyl tamamlan 27 çaga Arkadag şäheriniň mekdeplerine gadam basdy. Häzir ol ýerde 100-e golaý çaga terbiýelenýär. Mundan başga-da, lukman Arkadagymyzyň tassyklan meýilnamasy esasynda, welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen çagalar dikeldiş bejergisiniň ikinji tapgyryny aldylar. Çagalaryň ene-atalary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlaryny aýdýarlar. Gaznanyň howandarlygynda çagalary terbiýelemek, olaryň ýörite orta, ýokary bilim almaklary, ýaşlaryň ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegine degişli meseleler hem döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar.

Müdiriýetiň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara hem-de gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnama gol çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz kada-kanunçylyga laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyny we müdiriýetiniň düzümini öz Karary bilen tassyklaýandygyny aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekmegi sogaply işleriň mundan beýläk-de hemişe üns merkezinde saklanjakdygyny görkezýär.

Gaznanyň işiniň göwrüminiň giňemegi bilen, Tertipnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly guramaçylyk işleriniň möçberi hem artýar. Şunuň bilen baglylykda, Tertipnama gaznanyň prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan iş birlikleri girizildi. Olar gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti, bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti, önümçilik işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti wezipelerinden ybarat. Olar gazna öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ýolbaşçylyk edýärler diýlip bellenilip, Tertipnamanyň 13-nji bölegi täze mazmunda beýan edildi.

Milli Liderimiziň haýyr-sahawat gaznasyna hemaýat berilmegini haýyş edip, ýüz tutan adamlara goldaw bermek maksady bilen, taýýarlanan degişli resminama gol çekmegi hem ynsanperwerligiň beýik nusgasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden çykyşynda: «Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr» diýen sözleri ýüreklerden orun aldy, il-halkyň buýsanjyna buýsanç goşdy.

2024-12-19211