TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Aý dogsa, älem görer

Aý dogsa, älem görer

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagyna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Belläp geçsek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 8 — 10-njy dekabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan bina edilen «akylly» şäheriň dünýä arenasynda uly at-abraýa eýedigini äşgär edýär. Baýrak gowşurylyş dabarasy Wena şäheriniň meşhur «Parkhotel Schönbrunn» myhmanhanasynda geçirilip, ol European Society for Quality Research (ESQR) tarapyndan guraldy. Bu halkara baýrak şäher ösüşi, saglygy goraýyş hem-de energiýanyň netijeliligi ýaly ugurlarda hil dolandyryşynda gazanylan üstünlikleri höweslendirmek bilen, «akylly» we durnukly şäher bolan Arkadag şäheriniň innowasion şäher gurluşygyny we onuň ýokary hilli standartlara bolan ygrarlylygyny aýan edýär. Bellenilişi ýaly, baýrak Arkadag şäheriniň iň täze tehnologiýalary we ekologiýa taýdan arassa usullary birleşdirip, durnukly şäherleşmäniň nusgasyny döretmekde gazanan üstünligini görkezýär.

Çykyşlara giň orun berlen maslahatda Arkadag şäheriniň abraýly baýraga mynasyp bolmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli alyp barýan parasatly syýasatynyň, şähergurluşyk ulgamynda çäksiz aladalarynyň we oýlanyşykly döwrebap çözgütleriniň aýdyň netijesi bolup durýandygy barada buýsanç bilen bellenildi.

Dabaraly maslahata gatnaşanlar Arkadag şäheriniň häkimliginiň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda «akylly» şäheriň ýeten üstünlikleri, özgertmeleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekilleri görkezildi.

2024-12-1976