TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

«Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmenistanyň gözel tebigatynyň we haýwanat dünýäsiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtap, ýurdumyzda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň biodürlüligini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä nusgalykdygyny belledi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ekologiýa ugruna aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda Türkmenistanyň teklipleri boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň aýdyň güwäsidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ABŞ-nyň bu Kararnamalary ilkinjileriň hatarynda goldandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

2024-12-1981