TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadagly illerde toýlar toýa ulaşdy

Arkadagly illerde toýlar toýa ulaşdy

Täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy

Her bir gününi goşa-goşa toýly garşylaýan ata Watanymyz giň jahanda parahatçylyk söýüji, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän ýurt hökmünde tanalmak bilen çäklenmän, bagtyýar durmuşyň, bagtly ýaşaýşyň mekany hökmünde hem äleme belli. Arkadag şäherinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy aýdanlarymyza aýdyň mysal. «Toýdan topukça» diýlişi ýaly, täze jaýa göçüp gelen ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ene ŞAMYRADOWA,
Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy:

— Arkadag şäherine göçüp gelenimizden soňra, her bir günümiz toý-baýram. Ynha, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Gurbannazar Ezizow köçesiniň ugrunda ýerleşýän kottejler toplumyndaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan oglum Nurmyrada hem berildi. Bu bir uly bagt. Şükür, dört ogul, üç gyz ýetişdirip, ile-güne goşduk. Her bir ata-ene öz perzendiniň bagtyna guwanyp ýaşaýar. Ata-baba gelýän ýol-ýörelgelerimize laýyklykda, milli däp-dessurlarymyza görä, Nurmyrat janyň jaý toýuny toýladyk. Toý bir gowy zat. Ähli dogan-garyndaş, dost-ýar begenen günüň begenjiňi deň paýlaşýar. Bu bolsa halkymyzyň agzybirliginden nyşan. Bu zatlaryň sakasynda bolsa Milli Liderimiz hem-de hormatly Prezidentimiz bar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent, ýurdy abadan, ili abat bolsun!

Çarymuhammet REJEBOW,
Arkadag şäheriniň Jemagat hojalygy müdirliginiň hünärmeni:

— Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Ata Durdyýew köçesindäki 7 gatly 42 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýyndan 3 otagly täze öýli, täze ojakly bolmak bagtymdan çykdy. Bu meniň üçin bagtyň çür başy. Otaglar häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryna mahsus bolan amatlyklar bilen üpjün. Bu ýerde asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga ähli amatlyklar bar. Täze jaýymyzyň töwereginde çagalar üçin ýörite oýun oýnamaga niýetlenen sport meýdançasy hem bar. Şular ýaly, halkymyzyň bolelin durmuşda bagtly ýaşamagyna mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýaryn.

2024-12-1831