TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Lukmançylyk klasteri: saglykda döwrebap önümçilik

Lukmançylyk klasteri: saglykda döwrebap önümçilik

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri muňa şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi jemgyýetiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny görkezýär.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ýerli çig mallardan peýdalanmak arkaly gündelik ulanylýan lukmançylyk önümleriniň içerki islegini üpjün etjek, şeýle-de önümlerini dünýä bazarlaryna çykarjak «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu örän ähmiýetli wakadyr. Häzirki wagtda lukman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleri — pamyklar, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, ýaşy alty aýdan uly bolan çagalar üçin goşmaça iýmit görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Ýene bir bellemeli tarapy bolsa, kärhanada türkmen alymlarynyň işläp düzen ylmy açyşlaryny önümçilige ornaşdyrmaga mümkinçiligiň bolmagydyr. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan 6 aýlykdan ýokary bolan çagalar üçin niýetlenen süýt garyndyly goşmaça iýmitleriň tüwüli, tüwi-bananly, hemenek ýarmaly, ary bally görnüşleri halk köpçüliginiň uly isleglerinden peýdalanýar. Bu çaga iýmitleriniň düzüminiň makro-mikro elementlere we witaminlere baý bolmagy geljekki nesilleriň sagdyn ösmegine, berk bedenli bolup ýetişmeklerine uly ýardam berýär. Belli bir möçberiniň daşary ýurtlara eksport edilmegi hem bereketli türkmen topragyndan alynýan ekologik taýdan arassa çig mallardan taýýarlanýan önümleriň hyrydarynyň ýeterlikdigini aňladýar.

Ösen tehnologiýalar ornaşdyrylýan şäher hökmünde tapawutlanýan Arkadag şäherinde ähli ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynyň hem geljeginiň aýdyňlygyny agzamak bolar. Ýakynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşany Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanmagy aýdanlarymyzyň aýdyň güwäsidir. Şäheriň ikinji tapgyrynda guruljak «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda agzalan önümleriň görnüşleri has-da artdyrylar. Häzirki wagtda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň sanjym önümlerini, erginlerini, türkmen polipropilenini gaýtadan işlemek we lukmançylyk lybaslaryny, başgaplary, aýakgap örtüklerini we beýlekileri, dokalmadyk matadan taýýarlanan önümleri öndürýän, dermanlyk ösümliklerini gaýtadan işleýän, şol sanda çaý, çaga iýmiti we ýöriteleşdirilen suw öndürýän zawodlar toplumynyň gurluşygynyň halkara ülňülere laýyk alnyp barlyşyna gözegçilik işleri şäheriň degişli gulluklary bilen bir hatarda Arkadag şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan hem amala aşyrylýar.

Halkymyzyň saglygyny goramaga we döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

2024-12-1976