TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Çempionlykdan halkara ýaryşa

Çempionlykdan halkara ýaryşa

Uly umytlara beslenip döredilen «Arkadag» futbol topary bu gün özüne bildirilen ynamy aňryçäk derejede ödeýändigi bilen begendirýär. Topar ýene barmak büküp sanaýmalyja günden taryhyndaky ilkinji halkara synagyna çykar.

26-njy oktýabrda başlanjak AFK-nyň Çagyryş ligasynyň duşuşyklarynda biz topara ýurdumyzyň bassyr ikinji gezek çempiony hökmünde janköýerlik ederis. Çünki topar milli çempionatymyzyň häzirki möwsüminiň tamamlanmagyndan has öň bassyr ikinji çempionlygyny yglan etdi.

Bu çempionlyk adaty üstünlik däl. Soňky 9 ýylyň rekordy. 2015-nji ýyldan bäri hiç bir topara möwsümiň tamamlanmagyna alty-ýedi tapgyr galanda çempion bolmak başartmandy. Ýöne toparyň möwsümdäki üstünlikleriniň diňe çempionlyk bilen çäklenmeýändigini aýratyn nygtamak gerek. Indiki maksat — yklym ýaryşyndaky üstünlik. Ýurdumyzyň çempiony AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky duşuşyklaryny Kuweýtde geçirer. Ýaryşyň «B» toparçasyna wekilçilik eden çempion toparymyzyň garşydaşlary Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary bolar. Çempion topara yklym ýaryşynda hem üstünlikleri arzuw edýäris.

2024-10-1636