TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Arkadag» topary Ýokary ligada 50-nji ýeňşini gazandy

«Arkadag» topary Ýokary ligada 50-nji ýeňşini gazandy

Bassyr ikinji çempionlygyny mundan birnäçe gün öň yglan eden «Arkadag» futbol topary düýn, 17-nji oktýabrda milli çempionatymyzdaky 50-nji duşuşygynda 50-nji ýeňşini gazandy.

Sanlyja günden ilkinji gezek halkara synaga çykjak topar Ýokary ligadaky arakesmesiniň öň ýanynda 29-njy tapgyryň öňe süýşürilen duşuşygynda «Ahalyň» myhmany boldy. Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk çempion toparyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Birinji ýarymyň 48-nji minudynda «Arkadag» topary Begenç Akmämmedowyň 11 metrlik jerime urgusyndan dürs geçiren goly bilen öňe saýlandy. Bu gol tejribeli hüjümçiniň Ýokary liganyň şu möwsümindäki 16-njy goly boldy. Ol möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ilkinji üçlüge girýär.

Myhman toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanmaga juda golaý gelen duşuşygyň 90-njy minudynda «Ahal» Ýagşysähet Döwletgeldiýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi. Bu bolsa ýer eýelerine ýurdumyzyň çempiony bilen geçirilen resmi duşuşyklarda utuk gazanan ilkinji topar hökmünde taryha girmek mümkinçiligini berdi. Ýöne çempion toparyň tejribeli tälimçiler düzümi we futbolçylary bu ýagdaýdan dessine çäre tapdylar. Şeýlelikde, goşmaça wagtyň 4-nji minudynda Şamämmet Hydyrow «Arkadag» toparynyň ýeňiş goluny geçirdi.

Şeýlelikde, «Arkadag» topary Ýokary ligada döredileninden bäri 50-nji, şu möwsümde bolsa 26-njy ýeňşini gazandy. Möwsümdäki gollarynyň sanyny 126-a çykaran topar iň ýakyn bäsdeşleri («Ahal» we «Altyn Asyr») bilen hem aralygy 26 utuga çenli açdy. Bu «26-lyklar» duşuşyga aýratyn täsinlik çaýdy.

Indi topar AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji möwsümine gatnaşmak üçin Kuweýte gider. Topara yklym ýaryşynda hem üstünlikleri arzuw edýäris!

2024-10-18120