TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Iň tapawutlanan «akylly» şäher

Iň tapawutlanan «akylly» şäher

Her ýylyň 27-nji sentýabrynda geçirilýän ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem gojaman Köpetdagy etekläp oturan paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Döwlet münberiniň öňünde dabaraly ýöriş bilen başlandy. Giňden bellenip geçilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny ýurdumyzyň ähli welaýatlary, paýtagtymyz Aşgabat şäheri hem-de Arkadag şäheri öz zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Bu dabaraly ýörişde sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň pawilýonynyň ilkinji bolup geçmegi has-da buýsandyryjydyr.

Şäheriň gazanan üstünlikleri hem-de bu şäherde adamyň bähbidine gönükdirilen döwrebap mümkinçilikler we şertler waspnamalarda öz beýanyny tapdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şäheriň gurluşygynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalar giňden ulanylýar. Bu täsin «akylly» şäherde adamlaryň ýaşamaklary üçin has amatly şertler döredilen. Köpetdagyň ajaýyp dag tebigaty bilen bir bitewüligi emele getiren şäheriň köp sanly halkara sylaglara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. 
Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäheri birbada «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly üç baýraga mynasyp boldy.
Şeýle-de ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanyp bina edilen Arkadag şäheri halkara forumlaryň, maslahatlaryň, bäsleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Merdana pederlerimiz öz bedew atlaryny syrdaş dosty hasaplapdyrlar. Şoňa görä-de at seýislemek hem-de at üstündäki milli oýunlary kämilleşdirmek boýunça irginsiz zähmet çekipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen bu şäherde ata-babalarymyzdan gelýän atçylyk sungatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da pajarlap ösýän mekanyna öwrülendigini nygtamak gerek.
Bu dabaraly ýörişde asuda Diýarymyzyň gözel ýerleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde bina edilen ajaýyp şähere bagyşlanan «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly aýdym-sazly çykyşlar toýuň şowhunyny has-da artdyrdy.
 

2024-10-03391