Netijeli işler, belent sepgit
16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk önümleriniň sergisi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalygynda gazanylýan ylmy esasly ösüşleriň, obasenagat toplumynda, şol sanda tohumçylyk işinde halkara hyzmatdaşlygyň netijeli alnyp barylýandygynyň nyşany boldy.
Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri bilen bir hatarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Onuň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň işine işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Ýurdumyz seçgiçilik we toprak-howa şertlerini nazara alyp, tohumlary synag etmek boýunça bilelikdäki işleri utgaşdyrmak, tohumçylyk, döwletleriň arasynda ösümlikleriň tohumlaryny ibermek we getirmek ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär. Bu hyzmatdaşlyk GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň çäklerinde uly ösüşlere eýe bolýar.
Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergide ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijeleri görkezildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 2-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň döredilmegi öz miwesini berýär. Olarda «Tohum al-da, ýere bar, gögermese, maňa gel!» diýen halkymyzyň ekerançylykda, seçgi işinde, tohumçylykda ýörgünli milli däpleri dünýäde öňdebaryjy gazanylanlar bilen utgaşykly ösdürilýär. Agzalan sergide Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda döredilen güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze görnüşleri hem tanyşdyryldy. Bu görnüşler, deňeşdirilýän görnüşe garanyňda, hasyllylygynyň we hil görkezijileriniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Mysal hökmünde bellesek, «Serdar» görnüşiniň hasyllylygy gektaryna ortaça 62 sentner bolup, deňeşdirilýän görnüşden 9 sentnere golaý ýokarydyr. Güýzlük bugdaýyň täze görnüşleri ýurdumyzyň dürli sebitlerinde synag edildi hem-de etraplaşdyryldy.