«Ýaşulular geňeş etse...»
Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.
Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi we ýygnananlary 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow häzirki döwürde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri, bu babatda öňde durýan wezipeler, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary hakynda aýdyp, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň ilat arasynda geçirýän wagyz-nesihatlary, baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň wekilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýandygyny, bu işleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtadylar. Şular ýaly il-ýurt bähbitli işleri halkymyzyň arasynda wagyz etmekde yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Milli Liderimiz many-mazmunly çykyşlary üçin hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirip, hemmelere ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, ýaşlary watansöýüji, arassa ahlakly nesiller edip ýetişdirmekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
* * *
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ýurdumyzda toýlanýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlary sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlardan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýrak berildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglamak hakynda gol çekilen Perman okaldy. Milli Liderimize dabaraly ýagdaýda ýubileý medal we ýadygärlik nyşan gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyz özüne bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, nusgawy şahyryň adyny göterýän halkara baýrak hem-de Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglap, zähmetine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Magtymguly adyndaky halkara baýragyň we ýubileý medalynyň gowşurylmagynyň mähriban halkymyzyň özüne bildiren ynamydygyny, täze, belent sepgitlere ýetmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi. Bu ýerde guralýan dabara hormatly myhmanlaryň hem gatnaşýandygyny aýdyp, Milli Liderimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mynasyp goşandy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmekde bitiren uly işleri üçin ony Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak we Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen, germaniýaly lukman, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Klaus Georg Parhoferiň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda köp işleri bitirendigi, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmekde mynasyp goşandy üçin Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hem-de «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny aýtdy. Myhmanlaryň sylaglanyşyndan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we dabara gatnaşyjylar bilelikde surata düşdüler.
* * *
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalaryny sylaglamak dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyz eden işi nusgalyk parasatly gojalarymyzyň, enelerimiziň halkymyzyň buýsanjydygyny belläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşululary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalaryna bu ýokary sylag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.