TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Iki oýun, iki üstünlik

Iki oýun, iki üstünlik

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň çäklerinde iki duşuşyk geçirdi. Anna gününde birinji oýun üçin meýdança çykan topar «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» bilen duşuşdy. 23-nji tapgyryň bu oýnunda Arkadaglylar üç jogapsyz gol bilen ýeňiş gazandy.

Duşuşykda ilkinji gol birinji ýarymyň ahyrynda hasaba alyndy.

Arkadaglylardan toparyny öňe saýlan Ylýas Çaryýew boldy. Ikinji ýarymda-da oýnuň depginini gowşatmadyk «akylly» şäheriň toparynyň soňky gollaryny 50-nji minutda Arslanmyrat Amanow, 56-njy minutda Altymyrat Annadurydyýew atlaryna ýazdyrdylar. Düýn «Arkadag» ikinji duşuşygyny geçirdi. Çempion topar 24-nji tapgyryň çägindäki oýunda öňki meýdançada Aşgabadyň ýene bir topary «Köpetdag» bilen synaga çykdy. Boýdan-başa netijeli oýun görkezen «Arkadag» topary duşuşykda 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

2024-09-188