TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ruhubelentlige beslenýän dabara

Ruhubelentlige beslenýän dabara

Halkymyz uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenen 2024-nji ýyl bilen hoşlaşyp, beýik sepgitlere ýetirjek täze — 2025-nji ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşylady. Täze ýyl ynsanlaryň kalbyna mähir-muhabbet bolup doldy. Şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenen täze ýyl ýüreklerde ylham telwasyny oýardy. Munuň şeýledigini «Arkadag Binasynyň» öňündäki Baş arçanyň ýanynda guralýan çärelerden hem görmek bolýar.

Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Medeniýet we Bilim müdirlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda dabaralar uly şatlyk-şowhun astynda geçirilýär.

Bu baýram ähli ynsanlaryň dünýäsini nurlandyrýar. Asuda Watanymyzda çagalaryň göwün göteriji gülki seslerini, joşgunly aýdym-sazlaryny, uly höwes bilen ýerine ýetirýän goşgularyny diňläniňde kalbyň joşýar.

Arkadag şäheriniň Baş arçasy, onuň töwereginiň baýramçylyk ruhunda bezelmegi ata Watanymyzyň bagtyýarlygyň, abadançylygyň, jebisligiň we agzybirligiň mekanydygyny buşlaýar. Täze ýylyň ilkinji günlerinde Arkadag şäheriniň Baş arçasynyň ýanynda baýramçylyk dabaralary uly ruhubelentlik bilen her gün dowam edýär. Bu ýerde çagalaryň köpöwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Ajaýyp pursatlara Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagy çagalaryň kalbynda şatlyk duýgularyny oýarýar. Çagalaryň belentden ýaňlanýan aýdym-sazly çykyşlary bu geçirilýän dabaralaryň şowhunyny has-da artdyrýar. Bu baýramçylyk dabaralary çagalaryň ýadyndan çykmajak ajaýyp wakalaryň birine öwrülýär. Sebäbi bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan bagtyýar çagalara Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sowgatlaryň gowşurylmagy olaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Baýramçylyk sowgatlaryny alan çagalar ýürek buýsançlaryny aýdym-sazly çykyşlar bilen beýan edýärler.

Agzybir halkymyzyň her bir gününiň bagtyýar bolmagy, asuda Diýarymyzda bagtly durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

2025-01-0962