TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Myhmanlar «akylly» şäherde boldular

Myhmanlar «akylly» şäherde boldular

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň Türkmenistanda saparda bolmagynyň çäklerinde Arkadag şäherine gezelenji guraldy.

Myhmanlar täze şäheriň ajaýyp görnüşlerini we döwrebap ösüşlerini synlap, şäher häkimligine geldiler. Bu ýerde rus wekiliýetiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Onda şähergurluşyk boýunça wajyp ugurlar maslahatlaşyldy. Soňra myhmanlaryň tanyşlygy giň gözýetime uzap gidýän şäheriň gözelliklerini synlamak bilen dowam etdi. Ýolugruna tebigatyň ajaýyp künjeginde gurlan täze şäheriň aýratynlyklary, iri taslamada ulanylýan ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleri hem-de dürli ugurlarda gazananlary barada gürrüň berildi. Tanyşlygyň dowamynda myhmanlar Arkadag şäheriniň ähli amatlyklary bilen ýaşaýyş jaýlaryny synladylar. Olar «akylly» öý konsepsiýasy esasynda bina edilen jaýlaryň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Şäher bilen tanşan russiýaly myhmanlar adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň bu ýerde kemala gelýän şäher gurşawynyň tapawutly aýratynlygydygyna göz ýetirdiler.

Tanyşlygyň dowamynda russiýaly myhmanlar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördüler. Olar binanyň gurluş aýratynlygy bilen tanşyp, bu ýerde talyplaryň okamagy üçin döredilen şertlere ýokary baha berdiler. Olar behişdi ahalteke bedewlerimiziň gözelliklerini synladylar. Soňra myhmanlar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine bardylar. Bu ýerde meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň köp öwüşginli çykyşlary medeni maksatnamanyň iň täsirli pursatlarynyň biri boldy.

Russiýanyň wekiliýetiniň agzalary guralan gezelençler we tanyşlyklar, şeýle hem olaryň dowamynda özlerinde galan ýakymly we ýatdan çykmajak täsirler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

2025-10-154