
Parahatçylyk — gülläp ösüş
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä giňişliginde özüniň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ol milli bähbitleri halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we özara ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Munuň özi halkara gatnaşyklarda ähli gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmegi goldamakdan, sebitdäki goňşy döwletler bilen dost-doganlyk we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli çuňlaşdyrmakdan, BMG-niň maksatlaryna we ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerip, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä giňişliginde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy rowaçlygyň pugtalandyrylmagyna yzygiderli we işjeň goşant goşýan döwlet hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasyndan gözbaş alýan bu daşary syýasatymyz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen dowam edýän şanly ýylymyzda ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, halkara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bitaraplyk türkmen halkynyň milli özboluşlylygyny dabaralandyrýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesi parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda, dostlukly gatnaşyklary, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli, dostana gatnaşyklary berkidýän döwletimiziň halkara abraýynyň barha artmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň egsilmez peşgeşi bolup durýar. Türkmenistan özüniň parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary üstünlikli dowam etdirýär. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwlet bolan Türkmenistan dost-doganlygy pugtalandyrýan ýurt hökmünde şeýle gatnaşyklaryň ählumumy häsiýete eýe bolmagynda netijeli çykyş edýär. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine elmydama ygrarly bolup gelýändigini tassyklaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde hoşniýetli içeri we daşary syýasatymyzyň öňe sürülmegi bilen ýurdumyz sebit we dünýä ähmiýetli maslahatlaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy halkara derejesinde bellenilýär. Munuň özi nobatdaky gezek halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär edýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan ynsanperwer syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, dünýä ýüzünde durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmekde mynasyp orny eýeleýär. Elbetde, halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren, şeýle hem bütin dünýäde asudalygy, abadançylygy öňe sürýän hem-de bu ugurda netijeli halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolan belent sepgitleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez aladasy bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty häzirki zaman dünýäsiniň ösüşi, parahatçylygy bilen berk baglanyşyklydyr. Halklaryň hoşniýetli, dost-doganlyk, ynanyşmak gatnaşyklary ösüşiň esasy ugrudyr. Bu gymmatlyklar umumadamzadyň asylly ýörelgesine öwrülýär.
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli syýasaty halklaryň arasyndaky ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ugur bolup hyzmat edýär. Bu ugurlarda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri halkymyzyň bagtyýarlygy, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklary, dünýäniň parahatçylygy bilen pugta baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi sözüň doly manysynda örän uly many-mazmuna eýedir. Muny biz dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýan her bir beýik başlangyçda hem aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri — ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar.