
Lukman Arkadagymyzyň täze eserleri
Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Onuň dowamynda lukman Arkadagymyzyň okyjylar köpçüligine ýetirilen täze neşirleri ajaýyp toý sowgady boldy.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar.
Nobatdaky jilt Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildiniň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.
Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi nygtaldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler, milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurtly okyjylaryň millionlarçasyna elýeterli edildi. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.
Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijeleridir.