TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadag şäheri halkara sergä gatnaşdy

Arkadag şäheri halkara sergä gatnaşdy

Ýakynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda her ýylda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Bu sergini Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar.

Sergä Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Çärä dünýäniň 40 döwletinden alymlaryň, lukmanlaryň, hünärmenleriň 120-ä golaýy, lukmançylyk enjamlaryny, sport, ylym-bilim ulgamlaryna degişli tehnologiýalary öndürýän hem-de hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalaryň 180-den gowragy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda sergide Arkadag şäheriniň powilýonynyň bolmagy has-da guwandyryjydyr. Arkadag şäheri ylmyň soňky gazananlarynyň giňden ornaşdyrylan ýeridir. Munuň şeýledigine şäheriň powilýony bilen tanşanyňda aýdyň göz ýetirmek mümkin. Onda Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginde, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrylýar.

Sergide çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hünärmeni Bahar Ataýewa şeýle gürrüň berdi: «Sergä merkezimizde çagalaryň saglygyny bejermekde ulanylýan oýunjaklary getirdik. Bu oýunjaklaryň biri kiçijik öýjagaz görnüşinde, beýlekisi bolsa geometrik şekillerden ybarat. Aň ösüşi pes çagalaryň arasynda integrasiýa boýunça (duýuş, ownuk matorika, iri matorika) giňişleýin bejergi işlerini geçirmek çagalaryň saglygyny doly dikeltmekde peýdalydyr. Merkeziň inklýuziw toparly çagalar bagynda terbiýelenýän çagalar myhmanlary öz goşgulary bilen garşylaýarlar. Şeýle haýyrly işleri halkyna bagyş edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!».

Ýeri gelende belläp geçsek, ýakynda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleri Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala hem-de diploma mynasyp boldy. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleri söwda nokatlarynyň iň bir geçginli harytlaryna öwrüldi.

Biz bu sergä kärhananyň täze önümlerinem getirdik. Olar süýt garyndysy hem-de biologik goşundysydyr. Süýt garyndysynyň 1-nji görnüşi 6 aýlyk, 2-nji görnüşi 6 — 12 aýlyk, 3-nji görnüşi 12 — 18 aýlyk hem-de 4-nji görnüşi 18 — 24 aýlyk çagalara berilýär. Şeýle hem çaga ertirlikleri, goşmaça berilýän iýmitler, bir gezeklik ulanylýan lukmançylyk serişdeleri bolan ellikler, düşekçelikler, halatlar we sanjym iňňesi bar. Şu ýerde görkezilýän lukmançylyk başgaplary, agyz-burun örtükleri, halatlar we düşekçelikler polipropilenden alynýan sponbond matasyndan taýýarlanylýar. Ine, tehnologiýanyň ösen asyrynda ýurdumyzda şeýle işlere aýratyn üns berilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz baradaky aladasydyr» diýip, Arkadag şäheriniň häkimliginiň baş hünärmeni Çerkez Annaýew buýsanç bilen gürrüň berýär.

Adam — döwletiň iň gymmatly baýlygy. Saglyk bolsa adamyň iň gymmatly baýlygy. Ynsan hakdaky alada ýurdumyzda möhüm ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigini Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyndaky saglygy goraýyş edaralarynda alnyp barylýan işlerde aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Ýaňy-ýakynda Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda ýurdumyzda ilkinji gezek böwrek transplantasiýasy üstünlikli geçirildi.

At münmek bilen adamyň saglygy dikeldilýär diýen sözleriň gulagymyza geň eşidilýän döwri yzda galdy. Sebäbi Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ippoterapiýa bejergisini geçirmek işiniň guralanyna bir ýyla golaýrak wagt boldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň powilýony hem serginiň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

2025-10-154