
Fizulide gurulýan metjit mynasybetli
Golaýda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň edara binasynda Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna bagyşlanyp brifing geçirildi. Oňa ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, türki döwletleriň Azerbaýjandaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we žurnalistler gatnaşdylar.
Brifinge gatnaşyjylar çäräniň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjan Respublikasyna sowgat hökmünde Fizuli şäherinde bina edilýän metjit üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize, şeýle-de ähli türkmen halkyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabarada çykyş edenler metjidiň düýbüni tutmak dabarasynyň Azerbaýjanda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji sammitiniň çäklerinde guralmagynyň buýsandyryjydygyny bellediler. Bu başlangyç Türkmenistan,bilen Azerbaýjan Respublikasynyň, şonuň ýaly-da tutuş türki halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine we ilerlemegine uly goşant goşýar.
Çäräniň ahyrynda brifinge gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize halkara işlerinde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylygy arzuw etdiler.