TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Lebapda iri desganyň düýbi tutuldy

Lebapda iri desganyň düýbi tutuldy

Düýn Jeýhun ýakasyndaky sebitiň bagtyýar ýaşaýjylaryna hormatly Prezidentimizi garşylamak bagty miýesser etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen Türkmenabatda ýerleşýän S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürjek toplumyň gurluşygyna badalga berildi. Munuň özi diňe bir gündogar sebit üçin däl, tutuş ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli çäredir. 60 ýyldan gowrak taryhy bolan kuwwatly zawoddaky täze önümçilik ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.

Mälim bolşy ýaly, täze toplumyň gurluşygyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy alyp barar. Bu halkara ähmiýetli hyzmatdaşlygyň çäklerinde önümçilikde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, taslamanyň tehnologik çözgütleri boýunça Şweýsariýanyň «Casale» kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

«Daewoo» toparynyň düzüminde 1973-nji ýylda gurluşyk bölümi hökmünde döredilen düzüm 1999-njy ýyldan bäri kompaniýa derejesinde işläp gelýär. Geçen ýyllaryň içinde bu kompaniýa Nigeriýa, Kuweýt, Oman ýaly döwletlerde himiýa senagatynyň iri kärhanalarynyň birnäçesini gurdy. Türkmenabatdaky täze toplum kompaniýanyň Merkezi Aziýadaky ilkinji iri taslamasy bolar.

Täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz diňe bir öz içerki isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara hem dürli mineral dökünleri eksport edip biljek derejesine ýeter.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda hem bu kuwwatly zawod ýurdumyzda fosforly dökünleriň esasy öndürijisi bolup çykyş edýär. Bu ýerde her ýylda müňlerçe tonna fosforly dökünler öndürilýär. Soňky ýyllarda bolsa bu önümçiligiň möçberi 135 müň tonnadan 270 müň tonna çenli ýokarlandy. Zawod ýurdumyzyň himiýa pudagynda öndürijilik kuwwaty boýunça öňdeligi saklaýar. Zawodyň zähmetsöýer adamlary şu ýylyň dokuz aýyny şowly jemlediler. Kärhanada fosforly mineral dökünleriň 118 müň tonnadan gowragy, senagat ähmiýetli kükürt kislotasynyň hem 220 müň 300 tonnasy öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody ýylda fosfor dökünleriniň 170 müň tonnasyny hem-de kükürt kislotasynyň 500 müň tonnasyny çykarmaga niýetlenilendir. Kükürt kislotasy metallurgiýa ulgamynda magdany dargatmak, nebit önümlerini arassalamak tehnologiýasynda ulanylýar. Kislota önümhanasynyň taslama kuwwaty diňe bir döwletimiziň içerki sarp edijileriniň bu önüme bolan isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, ony eksporta ugratmaga-da mümkinçilik berýär.

Zawodyň «Kökçi» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde öndürýän «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanly akkumulýatorlary uly islegden peýdalanýar. Olaryň kuwwaty 60 amperden 190 ampere çenli ýetýär. Akkumulýatorlar awtoulaglaryň ýeňil, şeýle hem ýük daşaýan görnüşlerine niýetlenilýär.

Täze toplumyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda ammoniý sulfatynyň ilkinji önümçiligi ýola goýlar. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň dökün üpjünçiliginde täze sahypa öwrülip, eksport kuwwatymyza kuwwat goşar.

Bu taslamanyň hormatly Prezidentimiziň hemişelik ünsünde bolandygyny hem nygtamak gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň iýun aýynda «Daewoo Engineering & Construction» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşikeriniň dowamynda täze taslamanyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Öňňin kompaniýanyň müdiriýetiniň ýolbaşçysynyň Gahryman Arkadagymyz bilen geçiren duşuşygynda bolsa Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýandygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, şunda ekologiýa ugurly «ýaşyl» taslamalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda gowaça çöpünden «ýaşyl» metanoly öndürmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça ekologik taýdan arassalygy we bu önümçilige ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.

Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, Türkmenabatda guruljak täze toplum meşhur kompaniýanyň diňe bir ýurdumyzdaky däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýadaky ilkinji iri taslamasy bolar. Taslama hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak we dünýä bazarynda Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň miwesidir.

2025-10-159