TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gymmatly gollanmalaryň ähmiýeti

Gymmatly gollanmalaryň ähmiýeti

Öňňin Arkadag şäheriniň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Oňa «akylly» şäheriň lukmanlary gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, nobatdaky jilt Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopedik eserleriniň üstüni ýetirdi. Bu ylmy neşir lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüler. Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitleri açyp görkezýär. Bular dogrusynda tanyşdyrylyş dabarasynda giňişleýin bellenilip geçildi.

2025-10-154