TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýaş nesillere atçylykda täze okuw merkezi

Ýaş nesillere atçylykda täze okuw merkezi

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Ahalteke bedewleri bagtyýar zamanamyzda öz öçmejek taryhyna şöhrat getirýärler. Ata-babalarymyzyň merdana nesilleriniň dowamaty biziň ýaşlarymyzda ahalteke bedewlerine söýgini terbiýelemegimiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaş oglanlygyndan bedewlere erk etmegi öwrenýän türkmen ýigitlerinde mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetler hem terbiýelenýär. Şu ynam hem türkmen maşgalasynda bedewe söýginiň atadan ogla geçýändiginiň asylky sebäbidir.

Ýaşlara watançylyk terbiýesini bermek bilen bir hatarda olary hünäre ugrukdyrmak işini orta mekdepde okaýan ýyllaryndan başlamaklygyň oňat netije berýändigini bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler tassyklaýar. Şoňa baglylykda gyzyklanma bildirýänlere orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulan okuw sagatlaryndan daşgary ýörite okuwlaryň bolmagy ýaşlarymyza boş wagtlaryny has-da netijeli peýdalanmaga, bilimlerini artdyrmaga, hünär endiklerini ele almaga giň mümkinçilikdir.

Dünýäde ilkinji atçylyk ýokary okuw mekdebi bolan Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem talyplara atçylyk, weterinar lukmançylygy hünärleri, seýisçilik, milli at üstündäki oýunlar, atly sport we syýahatçylyk, sirk sungaty, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditt, weterinar we sanitar ekspertizasy taýýarlyk ugurlary boýunça bilim bermekde netijeli işleri alyp barýar.

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji maýynda Gahryman Arkadagymyz «akylly» şähere iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna geldi. Milli Liderimiz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklanyp, milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşdy. Şonda Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň milli atşynaslyk ýörelgelerine ygrarly bolmagynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny aýdyp, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de halypa atşynas Gahryman Arkadagymyz täze toparyň işine ak pata berip, bu ugra höwes bildirýän çagalara goldaw bermek we höwesli ýaşlary toparyň agzalygyna çekmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şondan ugur alnyp, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, atçylyk we atly sportuň dürli görnüşleri, daşary ýurt dilleri, tebigy we takyk ugurlar boýunça ýörite maksatnama esasynda goşmaça okuwlary alyp barmak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «At — myrat» atly okuw merkezi açyldy. Onda atçylyk we atly sportuň dürli görnüşleri, daşary ýurt dilleri, tebigy we takyk ugurlar boýunça ýörite maksatnama esasynda goşmaça okuwlary alyp barmak göz öňünde tutulýar. Bu okuw merkezinde, esasan, atçylyk bilen meşgullanmak isleýänler üçin, galyberse-de, iňlis, rus dillerini öwrenmek, şeýle-de matematika, biologiýa we himiýa derslerini goşmaça öwrenmek isleýänler hem-de özleriniň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýänler üçin ähli mümkinçilikler bar. Şonuň bilen birlikde, halkara synaglaryna (TOEFL, IEL, TS, SAT) taýýarlyk görmek boýunça, programmirleme dillerini we sanly ykdysadyýeti öwredýän sapaklary geçirmek meýilleşdirildi. Atçylyga höwes bildirýänlere, ilki bilen, atçylygyň esaslary boýunça bilimler berilýär. Soňra atçylyk boýunça okuwlar dürli ugurlara, ýagny çapyksuwarlyga, milli at üstündäki oýunlara, atly sporta we ş.m. bölünilip dowam etdirilýär. Şonuň bilen birlikde, olar ýaşy boýunça hem dürli toparlara bölünip, okuw toparlary düzülýär. Mysal üçin, 7 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar aýratyn toparda, 12 ýaşdan uly ýetginjekler we uly ýaşlylar aýratynlykda okadylýar. Umuman, okuw merkezinde atçylyga degişli hünärleri saýlap almaga we ilkinji zerur bolan bilimleri hem-de hünär endiklerini ele almaga doly mümkinçilikler döredilendir.

Elbetde, türkmeniň bedewlere muşdaklygy watançylyk söýgüsi bilen bilelikde onuň ganyna siňenliginden bolsa gerek?! Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda «At çapmak türkmenleriň ganynda bar. Biziň ählimiz atşynas bolup dünýä inýäris. Bu nesilden-nesle geçýär» diýip belleýär. Asyrlarboýy ýaşap gelýän halk döredijiligimizde, ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde hem bedewler barada gürrüňler soňlanmaýar. «Görogly» şadessanynda watançylyk, ar-namyslylyk, bedewlere söýgi baradaky pikirler hiç kimi biparh goýmaýar.

Aryk akan ýerinden akýar. Şonuň üçin bu günki gün Diýarymyzyň çar künjünde atçylyk bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlarymyz kän. Olaryň bu isleglerini kanagatlandyrmakda okuw merkezimiziň mümkinçilikleri gowy çözgütdir. Häzirki wagtda ýaş nesliň bedewlere bolan söýgüsini artdyrmakda döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, atçylyk bilen meşgullanmaklaryna şertleriň döredilmegi örän buýsandyryjydyr.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň garamagynda açylan «At — myrat» okuw merkezi Arkadag şäheriniň ýaş nesle uly üns berilýän şäherdigini görkezýär. Aýratyn bellemeli zat, ol hem Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy hem-de okatmagyň öňdebaryjy usullary bilen üpjün edilmegidir. Okuw merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalary bedew at bilen meşgullanmak arkaly bejermeklik hem göz öňünde tutulýar.

2025-01-0964