TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Bilim – kämilligiň binýady»

«Bilim – kämilligiň binýady»

Şeýle at bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 6 — 8-nji ýanwary aralygynda Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda şäheriň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji we 4-nji orta mekdeplerinde usuly-amaly okuw geçirildi.

Bu okuwlaryň dowamynda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini gowulandyrmak, geljegimiz bolan bagtyýar çagalary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek babatdaky möhüm wezipelere üns berildi. Ýaş nesliň sowatly, arassa ahlakly bolup ýetişmegi ugrunda gurulýan bilim ojaklarynyň, şeýle-de olarda zähmet çekýän bilim işgärleriniň iş tejribesiniň örän uly ähmiýeti bar. Şu maksat bilen Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlar okadýan derslerinden sapaklary döwrebap guramak bilen bagly iş tejribelerinden çykyş etdiler, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek babatda özara tejribe alyşdylar.

2025-01-0915