TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: belent maksatlar bil...

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: belent maksatlar bilen aýdyň geljege

Geçen ýylda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda we dünýäde ýokary derejede belläp geçen bagtyýar türkmen halky hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda jebis bolup, täze, 2025-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny garşy aldy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda «Tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy. Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyz hem uly rowaçlyklaryň, täze üstünlikleriň ýyly bolar. Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Hemişe maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!» diýmek bilen, geçen ýyl durmuşa geçirilen işlere uly baha berdi hem-de täze ýylda-da belent sepgitlere ýetmek ugrundaky köpugurly işleriň dowam etdiriljekdigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady bilen täze taryhy eýýamda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi jebisleşdirmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, ýurdumyzyň halkara abraýyny has hem berkitmekde möhüm orny eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň taryhyndan, ýeten belent sepgitlerinden, halkara gatnaşyklarda gazanýan üstünliklerinden ugur alyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak we ýylyň nyşanyny döretmek indi däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygy barada wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, deputatlar halkyň arasynda bolup, raýatlarymyz bilen maslahatlaşyp, olaryň tekliplerini aldylar. Ýeri gelende aýtsak, raýatlarymyz, şol sanda ýaşlar hem ýyly atlandyrmaga uly gyzyklanma bildirdiler hem-de işjeň gatnaşdylar. 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryna eýerip we ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyna esaslanyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara alyp hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşikleri, zähmet toparlary we raýatlarymyz tarapyndan köp sanly teklipler öňe sürüldi. Halkymyzyň erk-islegini nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa biziň ýurdumyzda halk häkimiýetiniň dabaralanýandygynyň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen tagallalary hem-de abadançylyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oýlanyşykly başlangyçlary rowaçlyklara, üstünliklere beslenýär. «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmegi esasynda daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleriň döredilmegi, dürli halkara guramalary, döwletler we halklar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna getirýär hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän bu beýik taryhy işler täze ýylymyzy hem bagtyýar zamana öwrer hem-de her bir ynsanyň kalbyny joşdurar.

Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur syýasy many bar diýip hasaplaýaryn. Biz Bitarap döwlet bolmak ugrundaky maksadymyzyň hut Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuş hakykatyna öwrülendigine we dünýä jemgyýetçiliginiň ähli agzalary tarapyndan ykrar edilendigine buýsanýarys» diýip bellemegi ýurdumyzyň halkara arenasynda ägirt uly hormatyň eýesidigini ýene-de bir gezek subut edýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüşiň özara baglanyşykly 17 maksadyndan durýan ugurlar boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäreleriniň we dabaralarynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk wezipeler goýuldy. Şol wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak meseleleri hem bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny, 2025-nji ýylyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek hem-de many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek ugrunda deputatlar bütin täze ýylyň dowamynda gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekerler.

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de bütin türkmen halky üçin täze, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin.

2025-01-0984