TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Perzent terbiýesinde

Perzent terbiýesinde

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan:

— Perzent terbiýesine ýiti üns bermelidigi hakynda ata-babalarymyz hem aýdypdyrlar. Çaga terbiýesi bilen bagly bir tymsal-rowaýat hemmeleriň ýadyndadyr: «Ýaş gelinleriň biri çagasyna nähili terbiýe bermelidigi hakda maslahat soramak üçin akyldaryň huzuryna gelipdir. Akyldar: «Çagaňyz näçe ýaşynda?» diýip sorapdyr. Gelin: «Dek düýn kyrk çilesinden çykardyk, ýaňy kyrk gün boldy» diýip, jogap beripdir. Akyldar başyny ýaýkap: «Keýigim, siz kyrk gün gijä galypsyňyz, irräk aladasyny etmeli ekeniňiz» diýipdir. Gelin hem muňa ör-gökden gelipdir: «Ýaňy kyrk gün bolan çaga heniz nämä düşünýär? Gaýta men öňünden aladasyny edeýin diýip durşum» diýipdir. Akyldar oňa: «Her gezek çagaňyz aglanda, siz ony emdirensiňiz. Şondan hem çaganyň aňynda: «Aglasaň, isleýän zadyňy alyp bolýar ekeni» diýen bir düşünje berkäp galýar. Şeýdibem, her gezek ajyganda aglaýar we maksadyna ýetýär. Soň-soňlar hem ýeterlik terbiýe berilmese, çaga şol aňy bilen kemala gelýär we öz islegini, matlabyny aglamak bilen, şerraýlyk ýa-da nadaralyk etmek bilen gazanyp bolýar diýip düşünýär. Şeýdibem, köpe kössek, ile hossa bolup galyberýär» diýip, jogap beripdir. Diýmek, perzent terbiýesine näçe ir we çynlakaý çemeleşilse, şonça-da özümiziň we ýaş nesliň bähbidinedir.

2025-01-0922