TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr»

«Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr»

Ýakynda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy boldy.

Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden, şol sanda Arkadag şäherinden bu hormatly ada eýe bolan çagalaryň onlarçasy gatnaşdylar. Şu ýyl iň zehinli çagalaryň 90-sy hem-de çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si bu baýraga mynasyp boldy. 18 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryna berilýän bu baýragyň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmakdan we goldamakdan, sungatyň dürli görnüşlerine höweslerini artdyrmakdan, milli medeniýetimiziň däpleriniň dowamlylygyny üpjün etmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan bu baýraga ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri — ýaş zehinler öz resminamalaryny hödürläp bilýärler. Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäherinden bu baýraga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň 150 orunlyk çagalar bakja-bagynyň körpesi Gülsona Dallaýewa, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Mekan Baýrammyradow, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Eziz Öwezdurdyýew mynasyp bolmagy başardy.

Ýaşajyk zehinler bagtly çagalygyň ýurdunda ýaşamak hem-de bilim almak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

2025-01-0960