TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Parahatçylygyň şahyry»

«Parahatçylygyň şahyry»

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyndan:

– Magtymguly Pyragynyň goşgulary ömrüň, ýaşamagyň manysyna düşünmäge kömek edýär. Ömrüň manysyna düşünmek üçin Magtymguly Pyragynyň sözlerine düşünmek ýeterlik. Dana şahyrymyzyň sözlerine näçe çuňňur düşünip bilsek, ömrüň manysyna hem şonça çuň akyl ýetirip bileris.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde hormatly Prezidentimiz ýiti zehininden dörän «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny okyjylar köpçüligine sowgat etdi. Bu ajaýyp eser söz ussadynyň döredijilik dünýäsine aralaşmakda, oňa düşünmekde bahasyz serpaýdyr. Şu günler kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary Diýarymyzyň çar künjünde uly ruhubelentlik bilen geçirilýär. 6-njy ýanwarda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda hem hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, şäheriň häkimi, ýaşulular, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, mugallymlar hem-de talyplar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyşda kitabyň çuň mazmuny, onuň ähmiýeti hakda aýdyldy, şeýle gymmatly eserleriň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi. Biz bu dabarada söz sözlän ildeşlerimiziň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Aýjahan BABAÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory:

— Halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny şanly wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem ruhubelentlik, nurana arzuw-umytlar bilen garşylady. Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabyň okyjylara gowuşmagy bizi diýseň begendirdi. Şeýle ruhy serpaýyň elimize gowuşmagy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tutuş türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň isleg-arzuwlary, teklipleri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynyň çuňňur many-mazmuny, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy göz öňünde tutulyp, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Ýylyň diňe biziň ýurdumyzda däl, dünýä üçinem şeýle atlandyrylmagy şu günki berkarar türkmen döwletiniň adamzada berýän gymmatlygydyr, ruhy ýakynlygyň türkmen parasady bilen dünýä aýlanmagydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň millet hem döwlet, adamzat hem dünýä baradaky garaýyşlarynyň, halkara guramalaryň belent münberlerinden eden çykyşlarynyň, ýazan manysy dür kitaplarynyň içinden parahatçylyk, ynanyşmak baradaky parasat eriş-argaç bolup geçýär.

Bilşimiz ýaly, tamamlanan ýylymyzda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy halkara derejede giňden toýlandy. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly çäreler giňden beýan edilýär, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär.

Dünýä üçin abadançylykly ýaşaýşyň ýokary nusgasyny görkezýän eziz Watanymyz Türkmenistan özüniň ýeten belent derejelerini älem giňişligine jar edip, ýagty geljegine tarap ynamly öňe barýar. Kalplara ynam, köňüllere ylham berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Aýlar NURMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň direktory:

— Ählimiziň bilşimiz ýaly, ajaýyp zamanamyzyň her bir güni taryhy ösüşlere, şanly senelere beslenýär. Şeýle şanly wakalaryň biri-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkyna täze, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öňüsyrasynda «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny okyjylar köpçüligine peşgeş bermegidir. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar» hem-de «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» atly bölümlerden ybarat. Döwlet Baştutanymyzyň ýiti galamyndan çykan bu ajaýyp kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Kitabyň ýokary hil derejesinde çap edilmegi okyjylar köpçüligine ýarajakdygyna, şeýle-de ýurdumyzda hereket edýän döwrebap kitaphanalarda öz mynasyp ornuny tapjakdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden dörän bu ajaýyp kitabyň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitap hazynasyna gelip gowuşmagy bizi örän buýsandyrýar.

Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň her birinde diýen ýaly, döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, il arasynda öz gymmatyny ýitirmän gelýän Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Kitaphana gelýän dürli ýaşdaky, dürli kärdäki okyjylar dana Pyragynyň şygyrlaryna, onuň durmuşy bilen baglanyşykly döredilen rowaýatlara, şonuň ýaly-da dünýä edebiýatynyň beýleki görnükli wekilleriniň akyldar şahyrymyz barada ýazan eserlerine uly gyzyklanma bildirýärler. Biz geljekde hem öňümizdäki jogapkärli wezipelerimize esaslanyp, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren akyldar şahyrymyzyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlarynyň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat ederis.

Biz ýaşlara işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys.

2025-01-0974