TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri bilen duşuşygy

Berlin, 29-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.
Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutany belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Bu gatnaşyklar häzirki günde has netijeli häsiýete eýe bolýar. Federal Kansler Olaf Şols hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa salamyny we iň gowy arzuwyny beýan edip, german-türkmen hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleriniň we uly kuwwatynyň bardygyny belledi hem-de öz ýurdunyň bu hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Berline gelmäge çakylyk hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin GFR-iň Federal Hökümetiniň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň iň gowy salamyny we arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Germaniýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga barha artýan gyzyklanmasyny goldaýar we köpugurly hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde işjeňleşdirmäge taýýardyr. GFR ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini üýtgewsiz goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Germaniýanyň Federal Kansleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň Federal Hökümetiniň Baştutany uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki günde dünýä gün tertibine zeper ýetirip biljek ählumumy derejedäki wakalar bolup geçýär. Bellenilişi ýaly, şeýle ýagdaýda bar bolan meseleleri çözmekde syýasy sowukganlylyk we jogapkärli çemeleşmek zerurdyr. Bitarap ýurt bolmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan pursadyndan bäri bu syýasata yzygiderli eýerýär. Sebitde durnuklylygyň ykrar edilen merkezi bolmak bilen, ýurdumyz bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň teklibi boýunça 2023-nji ýylyň “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmegi, parahatçylyk döredijilik babatda beýleki teklipleri biziň parahatçylyga, durnuklylyga we hyzmatdaşlyga ygrarlydygymyzyň subutnamasydyr diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň başlangyçlaryny, şol sanda Bitaraplyk, energiýa serişdeleriniň durnukly üstaşyr iberilmegi, ulag, ekologik meseleler babatda başlangyçlaryny hemişe goldaýandyklary üçin Germaniýanyň ýolbaşçy düzümine minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň GFR bilen häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralary tarapyndan hyzmatdaşlygyň orta möhletleýin Maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine garamagyň zerurdygy nygtaldy.
Owganystandaky ýagdaý duşuşygyň aýratyn mowzugy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Owganystandaky ýagdaý boýunça Germaniýanyň başlangyjy bilen kabul eden Kararnamalarynyň ençeme gezek awtordaşy bolup çykyş edendigi bellenildi. Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy durmuş-ykdysady meseleleri çözmek üçin gaz geçirijileri, demir ýollary, elektrik geçirijileri, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak ýaly sebit taslamalaryna Owganystany çekmegiň möhümdigini nygtady.
Türkmen-german söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy babatda aýdylanda, türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Federal Kansler bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Bu ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, birnäçe geljegi uly ugurlar bellenildi. Energetika pudagy şolaryň iň ähmiýetlisidir. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň birnäçe anyk ugurlarynda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, munuň özi german kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge gatnaşmaklaryna, şol sanda Germaniýadan maýa goýum we tehnologik tejribäni çekmek, tehniki-ykdysady esaslandyrmany geçirmek, hyzmatlary amala aşyrmak, enjamlary getirmek we bu ulgamda täze desgalary gurmak arkaly gatnaşmaklaryna degişlidir.
Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmegiň wajypdygyny, bu ugurda iri german kompaniýalary, hususan-da, “Wintershall” we “RWE” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga we bu kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Hazarüsti gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu taslama ygrarlydygyny hem-de Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, aýry-aýry Ýewropa döwletleri bilen bu mesele boýunça dialogy täzeden ýola goýmaga meýillidigini tassyklady. Germaniýa bu ýurtlaryň arasynda möhüm orun eýeleýär.
Duşuşykda Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de wodorod öndürmek babatda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bu ulgamlarda Germaniýa öňdebaryjy tehnologiýalara eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýul aýynda kabul edilen GFR-iň Milli wodorod strategiýasyny hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutanynyň belleýişleri ýaly, ýokarda agzalan ugurlary 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň onunjy mejlisiniň gün tertibine girizmek maksadalaýyk bolar. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bank ulgamy, himiýa we dokma senagaty, saglygy goraýyş, ulag, “ýaşyl” tehnologiýalar, suw hojalygy, sanlylaşdyrmak we konsalting ulgamlary görkezildi.
Saglygy goraýyş ulgamyna aýratyn üns çekildi. Bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandaky lukmançylyk edaralarynyň aglabasy, esasan, german kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendir. Iki ýurduň lukmançylyk edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriniň wekilleriniň arasynda tejribe alşylýar, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumy üstünlikli hereket edýär. Nygtalyşy ýaly, umuman, ýurdumyzyň bu ugurdaky çemeleşmesi Germaniýanyň “Bitewi saglyk” çemeleşmesi bilen gabat gelýär. Onuň çäklerinde saglyk bilen daşky gurşawyň ýagdaýynyň özara baglanyşygy hasaba alynýar.
Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Federal Kansler şu günki geçirilen Türkmen-german işewürlik forumynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň we GFR-iň beýleki ugurdaş guramalarynyň işjeň ýardam bermeginde şeýle çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda bilim, medeniýet we arheologiýa ulgamlarynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meselelerine deglip geçildi. Bu ugurda bilelikdäki taslamalary guramagyň oňyn tejribesi toplandy. Gýote merkezi, “DAAD”, “PAŞ” we “PAD” maksatnamalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, 2018-2019-njy ýyllarda Germaniýada “Marguş —Türkmenistanyň çägindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly serginiň üstünlikli geçirilmegi muňa aýdyň mysal hökmünde görkezildi. German jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilen uly gyzyklanmany nazara almak bilen, söhbetdeşler bu serginiň ikinji tapgyryny, şeýle hem Parfiýa şalygynyň taryhy tapyndylarynyň we Seljuk mirasynyň görkezilişini geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we şu hem-de beýleki taslamalaryň iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Federal Kansler Olaf Şolsy özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutany taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

2023-09-30622