TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / At agynan ýerde toý bolar

At agynan ýerde toý bolar

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabadyň Atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyş derejesi bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda Aşgabadyň Atçylyk sport toplumynda milli Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk işleri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde amala aşyrylan işleriň derejesi bilen gyzyklanyp, bu işleriň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, toý çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Toplumyň ekologiýa ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bedewler we çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabara gatnaşýan köp sanly myhmanlar we at çapyşyklarynyň janköýerleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi. Ahalteke bedewlerine uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz toplumyň çapuw ýodasynyň derejesi, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Ýurdumyzyň seýisleriniň we atşynaslarynyň jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň derejesi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi çapuw ýodalarynyň milli atşynaslyk ýörelgeleri we köpýyllyk tejribe esasynda döwrebaplaşdyrylmagynda we olaryň ýokary halkara kadalaryna laýyk gelmeginde ähmiýetlidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi. Bu işleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi ugrunda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda zerur tagallalaryň edilýändigini belläp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Ösüşlerimiz bedew batly

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda häzirki döwürde döwrebaplaşdyryş işleri batly depginlerde dowam edýär. Milli Liderimiz toplumda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilmegine mynasyp goşant goşýan atşynaslaryň zähmeti höweslendirilmelidir. Munuň özi milli atşynaslyk däpleriniň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyz ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygynyň mizemezdigini, milletiň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewleriň eziz Diýarymyzda giňden tutulýan toý-baýramlaryň esasy bezegi bolup durýandygyny aýtdy we mähriban Watanymyzyň ösüşleriň, beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap batly gadamlarynyň bedew badyna meňzedilýändigini belledi.

2025-09-24365