Türkmeniň bagtyna şandyr bedewler
Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk toýy mynasybetli at çapyşyklary guraldy. Onda dürli aralyga çapyşyklaryň 7-si geçirildi. Olaryň görkezen netijesi şeýle boldy.
Ilkinji üç çapyşykda üçýaşar atlar 1600 metr aralykda bäsleşdiler.
Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gönibek atly aty bilen S.Çaryýew iň gowy netijäni görkezdi. Onuň pellehana gelen wagty 1 minut 52,1 sekunda deň boldy. Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup, 1 minut 51,6 sekunt netije bilen üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow özüniň Gülbahar atly gurt mele aty bilen geldi. Bu at «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Bäherden» atçylyk hojalygyna degişlidir. Üçünji çapyşykda 1 minut 53 sekunda deň bolan iň gowy netijäni görkezip, ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow «Türkmenaragatnaşyk» agentligine degişli Dorsekil atly dor aty bilen pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy.
Soňky geçirilen çapyşyklarda dört we uly ýaşar atlaryň ýaryşy 1600 metr aralykda dowam etdi. Dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup, üçünji derejeli çapyksuwar K.Öwezow Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Bäsleşik atly dor aty bilen 1 minut 50,9 sekuntda geldi.
Bäşinji çapyşykda 1800 metr aralygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Dagbedew atly dor aty 2 minut 03,3 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Oňa ussat çapyksuwar T.Babaýew çapyksuwarlyk etdi. Altynjy çapyşykda 2 minut 05,5 sekunt netije görkezen çapyksuwar B.Bajamow özüniň Daýanjym atly dor aty bilen ýeňiş gazandy. Bu at Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň bedewi.
Jemleýji ýedinji çapyşyk hem 1800 metr aralykda geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrundaky çapyşykda pellehana ilkinji bolup ussat çapyksuwar B.Agamyradow özüniň Bezirgen atly Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli akýal mele aty bilen geldi. Onuň görkezen netijesi 2 minut 06,8 sekunda deň boldy.
Şanly senede geçirilen at çapyşykda baş baýragyň eýesi bolan ussat çapyksuwaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik:
Begençmyrat AGAMYRADOW,
Türkmenistanyň ussat çapyksuwary, baş baýragyň eýesi:
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen at çapyşyklary toýly günleriň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen ýyndam bedewleriň bäsleşiginiň jemleýji — ýedinji çapyşygyna 1-nji belgide Bezirgen atly akýal mele atym bilen gatnaşyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş baýragyna mynasyp bolmagym meni diýseň begendirýär. Uly toýdan serpaýly bolmak her bir çapyksuwaryň arzuwy. «At çapmaz, bagt çapar» diýleni, uly toýuň şanyna guralan baýramçylyk at çapyşygynda atym hem bagtym deň çapyp, ýaryşy ýeňiş bilen tamamladym.
Bu günki gün ahalteke bedewleri ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň, belent maksatlarynyň nyşany hasaplanýar. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ynamly hem üstünlikli dowam etdirilýän bedew batly ösüşlerimiz barha äleme dolýar.
Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýan baş halypamyz Türkmenistanyň ussat halypa seýsi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.