
Salamatlyk — abatlyk
Biziň oýlanyşykly, synçy, pähimli ata-babalarymyz soňky ösüp-örňäp gitmeli nesilleriň aladasyny edip, özboluşly terbiýe mekdebini döredipdirler. Halkyň ruhy-ahlak dünýäsiniň önümi bolansoň, onuň aýlanyp duran asyrlaryň dowamynda gymmaty gaçman, tersine, barha artýar, özüniň çuňňur many-mazmuny bilen haýran galdyryp gelýär.
Türkmeniň terbiýe mekdebinde salamlaşmak edebiniň aýratyn orny bar. Adam — jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy, ony herekete getiriji. Ol öz bagtyny ýekelikde däl-de, köplük bolup tapýar. Şonuň üçin hem, ol il-günsüz oňup bilmeýär. «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen pähimi ýol-ýörelge edinen halkymyz agzybirligiň, asudalygyň, dostlugyň, jebisligiň teşnesi. Bu ruhy-ahlak gözelligi biziň her birimiziň aňymyza çagalykdan ornaşdyrylýar. Öz kakasynyň, atasynyň goňşy-golamlary, dogan-garyndaşlary, tanyş-bilişleri bilen ýylgyryp salamlaşmaklary, biri-birine ýakymly sözleri diýmekleri olary keseden synlap duran körpede täsin duýgulary oýarýar — ol terbiýe mekdebinden sapak alyp ugraýar. Soňra özi uly ýaşly adamlara salam berip ugranda, iň esasy zady — olaryň begenýändiklerini görýär. Salamlaşylanda birek-birege aýdylýan «Öý, maşgala abatmydyr? Ogul-gyzyň sag-salamatmydyr? Goňşy-golam, dogan-garyndaş aýak üstündemidir?» diýen ýaly jümlelerde, hoşlaşylanda aýdylýan «Saglykda, toýda görşeli!» diýen ýaly sözlerde, gör, nähili mähremlik, ynsanperwerlik, päk ýüreklilik bar! Şol sözler bize bilniksiz güýç bermeýärmi, eýsem?!
— Sag-aman ördüňizmi?! Öý-içerileriňiz abadanmy?! Her säheriňiz şeýle sözler bilen başlansyn. Sen töweregiňdäkilere, töweregiňdäkiler saňa öz ýürek ýylyňyzdan paý berip, mähirli salamlaşyň! Şol mähir-muhabbet size haýyr işleri etmäge itergi bersin!