TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Latwiýa Respublikasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ...

Latwiýa Respublikasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12 — 16-njy iýuny aralygynda Latwiýa Respublikasynda geçiriljek Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Duşuşygyň dowamynda Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, TRACECA halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçiliklerine degişli meseleleriň giň toplumyna garamak göz öňünde tutulýar.

2023-05-27267