
Haýyr işde sogap bar
Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň başynda hormat goýýan ýaşuly ýazyjylarymyzyň biri Aşyr Nazarow bize şeýle sargyt ederdi: «Gündelik ýörediň. Onuň belli bahasy ýokdur. Üstünden ýyllar geçensoň, olar duranja bir hazyna öwrüler, siziň geljekki eserleriňiz üçin hamyrmaýa bolar...».
Başymyz ýaş bolansoň, Aşyr aganyň maslahatlaryna känbir pitiwa etmändiris. Arman, giç düşünipdiris. Herhal üzlem-saplam gündelige çalymdaş bir zatlar çyrşaşdyran bolupdyryn. Yzygiderli-hä alyp gitmedim. Şonda-da ýyllaryň geçmegi bilen galyňja belliklere öwrülipdir.
Arada şol belliklere nazar aýladym. Içinde gyzyklyraklary-da bar ekeni. Halypa ýazyjymyz Aşyr aga aýtmyşlaýyn, galama ýapyşmaga itergi berýän maglumatlaram ýeterlik ýaly göründi. Şolaryň käbirini, näme üçindir, agzaw edesim geldi. Çaky, göwnüme ýarandyr-da. Olary nireden okanym ýa-da eşidenim doly hakydada galmandyr. Käbirini terjime eden bolmagymam daşda däl. Gündeligimden käbir parçalary okyjylar bilenem paýlaşmak isleýärin.
Osman imperiýasy zamanynda ýaşaýyş şeýle bir gülläp ösüpdir welin, zekat, sadaka berere adam tapylmandyr. Onsoň zekat, sadaka berýän kişi puly torba salypdyr hem-de onuň ýüzüne: «Şu meniň zekadym. Islän adam alyp biler!» diýip, torbany daragtlaryň şahalaryndan ýa-da diwarlardan asyp goýar ekeni. Şol torbalaryň birnäçe aýyň dowamynda el degrilmän durýan wagtlary-da bolupdyr.
Eýsem, beýle ýagdaýy nähili düşündirmek mümkin? Güzeranyň ganymatlygy üçinmi, dokmädelik bilenmi ýa-da kanagatlylyk bilen? Megerem, mertlikdir, mertebelilikdir, ar-namyslylykdyr!
Dünýe, durmuş synag meýdany. Gyradeňlik diýilýän ýaşaýşa mahsus däl. Her kim maňlaýyna ýazylanyndakyny görýär. Ynsan dünýä ineninden tä ömrüniň paýawyna çenli ýokardan inderilen nesibesini çöpläp geçýär.
Biz ata-babadan bäri rehimdarlygy, hakyňa kaýyllygy, halallygy, kanagatlylygy gursaklara guýup ýörüs. Ýüreginde rehim, nebsinde sabyr-takat bolmadyk kişi enaýy däldir.
Osman imperiýasy bilen baglanyşykly ýene bir mysal: şol zamanlaryň metjitlerinde «Sadaka sandygy» bolupdyr. Içi puldan doly bu sandygyň ýanyna diňe ýeke-ýekeden girip hem-de çykyp bolar ýaly ýagdaý döredilipdir. Şeýle ýöriteleşdirilen ýere giren adam sandyga pulam taşlap bilipdir, wagtlaýyn mätäçlik çekýän ondan pulam alyp bilipdir. Ýeser ýeri, kimiň näçe pul atýanyny, näçe pul alýanyny janly-jemende bilmändir. Sandykdaky pul welin, hiç haçan egsilmändir.
Sahawatlylyk, ynsanperwerlik döwürleriň geçmegi, ýagdaýlaryň üýtgemegi bilen täzeçe görnüşe eýe bolýar. Men ýetimler öýüne, metjitlere, mätäçlere haýyr-sahawat edýän ençeme adamlary tanaýaryn. Olary kalby päkize adamlar hasaplaýaryn. «Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar» diýlip ýöne ýere aýdylanok ahyry.
Döwür ösýär, özgerýär, şunuň bilen birlikde-de türkmençilikden gaýdýan sahawatlylygam dürli röwüşlerde dowam edip gidip otyr.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Taryh üçin ullakan bir möhlet däl. Ýöne gaznanyň haýyr-sahawatly sogap işleri dünýä doldy. Gaznanyň hasabyna ýüzlerçe näsag çaga operasiýa edildi, Döwletliler köşgünde, ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki çagalar öýlerinde terbiýe alýan çagalara häli-şindi her dürli sowgatlar gowşuryldy. Hatda gaznanyň hasabyna daşary ýurtlardaky çagalara-da ynsanperwer kömekleri iberildi. Sanawy näçe uzaltsaň, uzaldyp oturmaly. Bir zat welin hakykat: ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, mätäçleri goldamak, güler ýüz bermek, ýetim-ýesirlere, hossarsyz galan garry-gurtulara goldaw bermek ata-babadan gaýdýan däbimizdir, däp-dessurymyzdyr.
Sahawatlylyk türkmençilikden nyşandyr. Halkymyzyň ruhuna siňendir. Alkyş alanyň sogaby ýedi arkasyna ýazylýandyr. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ulus-illere sahawaty nusgalykdyr.