
Goly gyjakly bagşy
Il arasynda «Adamzat döräli bäri aýdym-saz hem bar» diýen gürrüň galman gelýär. Munuň özüne ýetik sebäbi bar. Ony rowaýatlardyr tymsallaryň üsti bilen hem düşündirýärler. Ýöne, her näme diýilse-de, bu jadyly sungatdan adam ogly daş durup bilenok. Magtymguly Garlynyň, Orazgeldi Ylýasyň, Mäne Garanyň, Sahy Jepbaryň we beýleki bagşylaryň aýdymlaryny diňläp, «hähini» berip, kelle ýaýkamadyk az bolsa gerek. Milli aýdym-saz sungatymyzyň sütünlerine goýulýan hormat-sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterildi. Bu günki gün türkmen ýaşlary milli saz gurallarymyza ussatlyk bilen erk edip, şol halypalaryň ýollaryny mynasyp dowam edýärler. Şeýle ýaşlaryň biri hem Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Bäşim Ýolamanow. Biz ýaş bagşy bilen bolan söhbetdeşligimizi size ýetirýäris.
— Bäşim, halka hyzmat etmegiň, il-günüň ynamyny gazanyp, toý-baýramlarda halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegiň öz lezzeti bardyr?
— Elbetde, şeýle bolmasa bolmazam. «Halk» diýen sözde Hakyň ady bar» diýilýär-ä. Şu aýdylan söz hakykat eken. Halk seni göterse, Hakyň ýalkadygy. Men muny öz durmuşymdan aýdýaryn. Sebäbi türkmen halk aýdymlary bilen indi ençe ýyldyr halkymyza başardygymyzdan hyzmat edip gelýäris. Baran ýeriňde «bagşy» diýip, sylag-hormat kem edilenok. Bu-da bir uly bagt ahyry. Şolar ýaly, toýa-tomga baranymda halypa bagşylaryň biriniň aýdan sözi hemişe ýadymda-da: «Injigiň seni götersin. Ýogsam bolmaz» diýýärdi. Bu sözüň jany bar eken. Özüm Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okap, öz ugrum boýunça bilim aldym. Okuwlarda mugallymlarymyz juda köp zady öwretdi. «Il aýnadyr, kemiňi, artygyňy görkezýändir» diýip, ýanjap-ýanjap nygtaýardylar.
— Her bir kärde, her bir hünärde hökman halypa-da gerekdir?
— Dogrusy, öz arkamyzda meşhur sazanda Kel bagşy bar. Meniň aýdym-saza ýykgyn etmegime-de, belki, şol sebäp bolandyr. Aýdýan aýdymlarym Rejep Ulugowyň ýolundan. Onuňam sebäbi bar. Bir gezek Rejep halypanyň sazandasy Dörtguly Artykow bilen duşuşdym. Ol maňa Rejep halypanyň ýolundan aýtmagy maslahat berdi. Soňam halypanyň ýanyna baryp, görüşmek nesip etdi. Aýdan aýdymlarymy diňläbem, ak patasyny berdi. Ýene bir zady aýratyn belläsim gelýär. Ilki-ilkiler dutarda aýdym aýdýardym. Şol mahallar Türkmenistanyň halk artisti Kyýas Durdyýewiň ýanyna gatnap, aýdym-sazyň inçe tärlerini içgin öwrenmek nesip etdi. Kyýas halypa aýdymlarymy diňlederdim. Halypa hiç «bolanok» diýmezdi, sähel bir ýerde ýetmezçiligi bolsa ýa-da kelte gaýdan ýerleriň bolsa, nesihatlaryny gaýgyrmazdy. Indem, öňi bilen-ä, halkyň, galyberse-de, halypalaryň ynamyny ödemek esasy maksadym.
— Bäşim, bagşy bilen diňleýjiniň baglanyşygyna nähili garaýarsyňyz?
— Aýrylmaz baglanyşygy bar. Sebäbi bagşy bilen diňleýjiniň aralaryndaky sazlaşyk ýitse, bagşy aýdym aýdyp bilmeýär. Onsoňam aýdym ýerine düşende, gülüň yşkynda saýraýan bilbilleriň köpelişi ýaly, öz-özünden bagşynyň diňleýjisem köpelýär. Onuň üçin döredýän aýdymlaryň gowy bolmagyny, şowly çykmagyny gazanjak bolmaly. Arman-ýadaman zähmet çekmeli. Şeýdip-şeýdip kämilleşmeli. Bu halypalarymyzyň bize edýän sargytlary. Biz bulary özümize ýörelge edinýäris.
— Sungat adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan güýje eýedir. Bu babatda siz nähili pikirde?
— «Sungatyň dili bir» diýilýär. Bu hakykatdanam şeýle. Sungat diýilýän zadyň maksadam adamlara ruhy lezzet berip, ony terbiýelemekden, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeltmekden ybaratmyka diýýän. Ýakynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Mongoliýa döwletine ilkinji iş saparyny amala aşyrdy. Şonda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň dostlukly döwletde aýdym-sazly konserti geçirildi. Bize-de muňa gatnaşyp, çykyş etmek nesip etdi. Milli medeniýetimiz, sungatymyz arşa göterilýär. Ata Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini wasp etmek, elbetde, sungat işgärleriniň paýyna düşýär. Nesip bolsa, biz hem öz gezegimizde milli sungatymyzy geljekki nesle geçireris. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize soňsuz sagbolsun aýdýaryn.
— Sag boluň! Üstünlikler hemraňyz bolsun!