
Halkara hyzmatdaşlyk rowaçlanýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şunda bolsa Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetine uly baha berilýär. Üstümizdäki «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan ýylda bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýar. Şol jähetden hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşlere beslenmegi örän guwandyryjydyr.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik möhüm gural hökmünde dünýä we sebit döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Döwletiň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen alnyp barylmagy we ulgamda ýokary tehnologiýalaryň we sanlylaşdyrma prosesleriniň ýaýbaňlandyrylmagy global ykdysady giňişligine we umumydünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna güýçli itergi berýär. Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkara guramalar, döwletler, kompaniýalar bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň dowamynda saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan taslamalary ýerine ýetirýär. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ýokary derejede alnyp barylýar, işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklar hem hil taýdan täze derejä çykarylyp, dürli ulgamlarda üstünlikler gazanylýar. Şunda Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlary we kompaniýalary bilen deňhukuklylyk hem-de birek-biregiň bähbidini hormatlamak däplerinden ugur alýar.
Türkmenistan maýa goýumlar babatda hem özüne çekiji ýurtdur. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň öňe sürýän amatly maýa goýum gurşawyny döretmek babatdaky başlangyçlaryna halkara reýtinglerde ýokary baha berilýär. Türkmenistan anyk kesgitlenen ugurlar boýunça strategik wezipelerden we maksatnamalaýyn resminamalardan ugur alýar we daşary ýurtlar, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalary we institutlary bilen hemmetaraplaýyn özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny dowam etmäge ygrarly we bu ugurda amala aşyrylmaly wezipeler boýunça tagallalary güýçlendirýär.