
Arkadag adyny göterýän şäher tutumly toýlara, derejeli dabaralara beslendi
Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.
Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň taýy bolmadyk tagallalary bilen gysga wagtyň içinde ata Watanymyzyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň görlüp-eşidilmedik derejede ösendiginden, uly wakalaryň, ajaýyp açyşlaryň mekanyna öwrülendiginden diňe biz däl, älem ýüzi habarlydyr. Mysala ýüzlenseň, olar ýüzlerçedir, müňlerçedir. Her günüň, her sagadyň, her minutyň özüni şanly wakalar gurşap alýar. Olaryň haýsyny wasp edip, söz bilen beýana getirip ýetişjek?! Bu asla mümkin däl. Özüňe aşa talabediji bolup, her birine bäş keleme söz diýmekçi bolaýaňda-da, asgyn gelýärsiň. Diňe birje mysal, ýurdumyzda, tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk, dünýäni haýrana goýan Arkadag şäheriniň gurulmagynyň özi nämä degmeýär?! Oňa nädip şygyr setirlerini bagyşlamajak?!
«Arkadagymyzyň altyn eýýamyna döneli» diýip ýöne ýere aýdym edip aýdýan däldirin. Bu owazda hoşluk bar, joşgun bar, ýaşaýşa uly höwes bar. Gahryman hem mähriban Arkadagly zaman ykbalymyzadyr, yhlasymyzadyr. Şeýle bolmasa, eşretli eýýamy eçilermidi Taňrym?! Aýtsaň, söhbediňe söz ýetmez, aýdymyňa – saz. Dutaryna, gyjagyna goşulýaň, gelişine, eňişine, erişine hoş olýaň.
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!
Döwri dürlän gül wakalar diýseň kän,
Mümkin däl sanamak ýekänme-ýekän.
Ädimleri ägirtlikde Serkerdäň,
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!
Bagra basdyň bu Watany, dünýäni,
Ýollaýansyň her bir işe sünnäni.
Söýget-söýgimizi, Dünýäm, bilýäňmi,
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!
Ýylysyny duýýas ýüpek Ýüregiň,
Ummany aýlaýar altyn küregiň.
Guwanyplar şygryň şasyn düzerin,
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!
Gurujydyr, döredijidir bu gurbat,
Owadan şäheriň durkunda surat.
Başga zat däl, Dünýäm, döreýşiň gudrat,
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!
Synlamda begenýän, hem beýgelýän men,
Eý gelen eýýama başym egýän men.
Guwançdan ýörämok, ylgap gezýän men,
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!
Ynsan çuňlugyndan dömüp gaýdýar aň,
Ýyldyzlary bilen ýagtylýandyr daň.
Diýar ýylgyrýandyr bile ýylgyrsaň,
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!
Ne ajapdyr, bagt bolup dogulmak,
Giň jahanyň baharyna sowulmak.
Hemmäniň arzuwy, Özüň deý bolmak,
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!
Gürläniň dilinde hoşlugyň heňi,
Aklyga dolandy gül şähriň reňi.
Jebis iliň ýokdur bagtynyň çeni,
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!
Ýollar ösüşleriň çekdi halkasyn,
Diýýändiris, Alla Seni ýalkasyn.
Inderlensiň Hak tarapyn halka Sen,
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!
Nurana meňize älem bakýandyr,
Mert döşüňe nyşanyny dakýandyr.
Ak gülleriň derýa bolup akýandyr,
Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!