TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Täze jaýly — bagtdan paýly maşgalalar

Täze jaýly — bagtdan paýly maşgalalar

Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar belleýşi ýaly, ynsanyň ady ýetişdiren perzentleri, ýazan kitaplary we guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Arkadag şäheri hem mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen ýazylan kämil sungat eseri bolup, milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasydyr. «Akylly» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy bilen, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Munuň özi her bir adamy, maşgalany goldamak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň rowaçlanmasydyr.

Arkadag şäheriniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli toý-dabaralarynyň joşguna beslenen gününde bagtyýar ildeşlerimiziň ençemesine ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan täze öýleriniň açarlary gowşuryldy. Göwünleri galkyndyryjy, ruhuňy göteriji bagtly pursatlar ata Watanymyza bolan buýsanjyňy artdyrýar. Täze şäheriň täze jaýlaryndan öý almak bagty nesip eden watandaşlarymyzyň zybanyndan çykýan sözleridir ýürek buýsançlary eşretli döwrüň owazy bolup eşidilýär.

Saparmyrat BEKMYRADOW,
Arkadag şäheriniň häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň hünärmeni:

— Ady äleme dolan Arkadag şäheriniň her bir güni toý-dabaralara beslenýär. Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygynyň bellenilýän gününde biziň maşgalamyza hem döwrebap ýaşaýyş jaýyndan täze öýli bolmak bagty miýesser etdi. Täze şäherden täze öýli, ojakly bolmak uly bagt. Şu pursatlarda gözümiziň guwanjy çagajyklarymyzyň şatlyklary buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Olaryň şatlygyny, bagtyny görmek, ertirki gününe, geljegine ynam bilen garamak her bir ene-atanyň baş maksady ahyryn. Şeýle bagty, eşretli döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygymyzy beýan edýäris. Döwrebap şäheriň Kerim Gurbannepesow köçesiniň ugrunda ýerleşýän ähli amatlyklary bolan 9 gatly ýaşaýyş jaýyndan öý almak bagtynyň miýesser etmegi maşgalamyz üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.

Bu ajaýyp günde jebislikde, agzybirlikde Gahryman Arkadagymyzyň dillerde dessan bolup ýaňlanýan «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatlary göwnüňi galkyndyrýar.

Hydyrguly GURBANGULYÝEW,
Arkadag şäheriniň häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň bagbany:

— Arkadag şäherinde zähmet çekmek, döwrüň ösen mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýaşamak üçin ähli şertler bar. Iş ýeriň sähel salymlyk aralykda ýerleşýär. Mekdep, çagalar bagy hem öýüňden görnüp dur. Şeýle-de her bir maşgalanyň, çagalaryň boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri üçin döwrebap sport desgalarydyr meýdançalar, seýilgähler, söwda toplumlary halkyň hyzmatynda. Biz Arkadag şäheriniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli toý-dabaralaryň joşgunynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäheriň halkyň, ata Watanymyzyň durmuşynda nähili wajyp ähmiýetiniň bardygyna ýene bir gezek göz ýetirdik. Bu şäher ildeşlerimiziň söýgüsine, uly ynamyna we bagtyna sebäp bolýar. Adamlaryň ýüzlerinde bagtyýarlyk joşguny, ýüreginde buýsanç, dillerinde alkyş sözleri...

Biziň maşgalamyza hem bu taryhy günde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýyndan täze öýli bolmak bagty miýesser etdi. Bu gün bizi garyndaşlarymyz, dostlarymyz, kärdeşlerimiz täze öý bilen mähirli gutlaýarlar. Begenjimize goşulyp, maşgalamyza täze öýde rysgal-bereket, agzybirlik, jan saglyk arzuw edýärler. Maşgalamyz bolup şeýle bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzy aýdýarys.

Çarymyrat ÇEPBÄÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgäri:

— Täze şäherde täze öýlere göçüp gelen ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasaty bilen ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Halkymyz barada döwlet derejesinde edilýän alada her bir ynsanyň, her bir maşgalanyň durmuşynda bagt bolup dolýar. Şeýle pursatlarda ata Watana, halkyňa hyzmat etmegiň uly borçdugyna has-da magat düşünýärsiň. «Watanym, halkym» diýip äden her bir ädimiň, işiňde tutanýerli, asylly zähmet çekmegiň on-ýüz esse bolup yzyna dolanýar. Eýsem-de, bu gün şol diýilýän gün dälmi näme?! Bu gün Arkadag şäherinden täze öýli bolan maşgalalaryň bagtly pursatlarynyň şaýady bolmak hem bellenenleriň aýdyň güwäsi. Sagbolsun Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Goý, täze öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň ojagynda elmydama çagalaryň gülki sesi ýaňlanyp dursun, rysgal-bereketleri artyp, agzybir ojaklary mäkäm bolsun!

2025-07-0224