
Röwşen geljegiň aýdyň ýoly
29-njy iýunda Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, şäher häkimliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy pudagyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatda durnukly ösüşiň bähbidine sanly hem-de «ýaşyl» özgertmeleriň möhüm ugurlary barada-da pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň diňe bir adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şäher bolman, eýsem, ylmy, bilimi, sporty ösdürmegiň, giň halkara hyzmatdaşlygyň, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň hem merkezi boljakdygyna ynam bildirdiler. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Soňra maslahata gatnaşyjylar dürli önümleriň we işläp taýýarlamalaryň sergisine baryp gördüler. Myhmanlar şäheriň binagärlik aýratynlyklaryna, onuň infrastrukturasyna ornaşdyrylan sanly we innowasion tehnologiýalar baradaky maglumatlar, fotosuratlar bilen tanyşdyryldy. Sergide Arkadag şäherine berlen halkara güwänamalara, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Çynar RÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary:
— Döwürleri bezeýän beýik işlerdir, beýik işleri berkarar edýän beýik şahsyýetlerdir. Arkadag şäheri hem Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiziň paýhasy, beýik başarnygy, çuňňur yhlasy, irginsiz zähmeti bilen gurlan milli we häzirki zaman şähergurluşyk tejribeleriniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýän ajaýyp döredijilik eseridir.
Geçen gysga wagtyň içinde Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Arkadag şäheri ilatyň abadan we sagdyn ýaşamagy, erkin zähmet çekmegi, ýaşlaryň okamagy, döwrebap dynç almagy babatda amatly şertleriň döredilen eşretli mekana öwrüldi. Döredilenine bary-ýogy iki ýyl geçendigine garamazdan, Arkadag şäheri ýurdumyzyň iň gadymy taryhy ýerleriniň biridir. Meşhur Parfiýa patyşalygynyň paýtagty gadymy Nusaýyň çäklerinde ýerleşen taryhy toprakdadyr. Arkadag şäheri — türkmeniň nepis halysynyň, şirin owazly dutarynyň, ahalteke bedewleriniň, alabaý itiniň dörän, dünýä ýaýran ýerlerinde kemala gelen mekandyr. Arkadag şäheriniň şeýle baý taryhynyň janly şaýatlary bolan bu medeni ýadygärlikleriň ählisi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä we Maddy däl medeni miras sanawlaryna girizilen gymmatlyklarymyzdyr. Galyberse-de, bu ýerler dünýäniň sekizinji täsinligi bolan türkmen kärizleriniň kök uran topraklarydyr. Bu ýerleri kesip geçen kärizler ýerasty suw çeşmelerini birikdirip, ekerançylyk meýdanyna ýetirmekde çäksiz hyzmaty bolan mirasymyzdyr.
Arkadag şäheri dünýäde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň mertebesini has hem beýgelden deňsiz-taýsyz şäherdir. Bu şäher — geljek nesillerimize beýik döwrümizden galjak gymmatly mirasdyr. Çünki bu şäheriň süňňüne Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ylhamy siňendir.

Saragt BABAÝEW,
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi:
— Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär. Ýaňy-ýakynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi giňden belläp geçdik. Medeniýet hepdeligi ýokary derejede bellenildi. Ine, yzysüre ýene bir uly toý Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan dörän Arkadag şäheriniň iki ýyllygynyň bellenilmegi buýsandyryjydyr. Mundan iki ýyl ozal, Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen açylan Arkadag şäheri Türkmenistanyň gurýan, döredýän döwlet hökmündäki abraýyny has hem belende galdyrdy. XXI asyryň öňdebaryjy çözgütleriniň jemlenen iň kämil şäheridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, irginsiz zähmeti, yzygider aladalary netijesinde iň gysga wagtda gurlup ulanmaga berlen Arkadag şäheriniň 2 ýyllygy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy gutlaýaryn.
Ata Watanymyz Türkmenistan dünýä halklarynyň içinde özboluşly milli medeniýeti we sungaty bilen tapawutlanýar. Biziň şol medeni gymmatlyklarymyz hem ähli işlerde, şol sanda milli binagärlik sungatymyzda hem öz beýanyny tapýar.
Arkadag şäheriniň gurluşygy «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edildi. Ýöne muňa garamazdan, bu şäherde gurlan her binanyň milli binagärlik ýörelgämize gabat getirilmegi üçin taýsyz tagallalar edildi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda her bir gurulýan binanyň milli binagärlik ýörelgelerimize laýyk bolmalydygyny hemişe nygtaýar. Milli Liderimiziň gymmatly nesihatlaryny, öwüt-ündewlerini özlerine hemra edinýän türkmen gurluşykçylarynyň bu günki günde kämil ýola düşendigini görmek bolýar.
Bu şäheriň gurluşygynda öz goşandyňy goşmak uly bagt. Şeýle bagtdan paýly bolmak bize hem nesip etdi. Munuň üçin özümi juda bagtly saýýaryn. Şeýle ýurtda gurmaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýäni üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurdumyzyň obalaryny, şäherlerini döwrebap özgertmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has hem abadanlaşdyrmak babatda alyp barýan belent tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!