TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gökderede gyzykly günleriň gujagynda

Gökderede gyzykly günleriň gujagynda

Ýaş nesil hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Bagtyýar çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, bilimli, milli terbiýeli bolup ýetişmegi üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Olaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeginde birnäçe sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Şolaryň biri hem Gökdere jülgesidir. Biz hem bu gözel künjekde dynç alýan ýaşajyk Arkadaglylaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Arslan NURYÝEW,
Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 8-nji synp okuwçysy:

— Tomus paslyny juda gowy görýärin. Sebäbi bu pasylda dürli miweler bişýär. Aýratynam bu pasylda çagalaryň ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyşlaryny gowy görýärin. Men öňem Gökderä gelip dynç alyp gördüm. Bu ýerde wagtymyz diýseň gowy geçýär. Her gün irden sport bilen meşgullanýarys. Deň-duşlarymyň hersi sportuň bir görnüşi bilen gyzyklanýan ekenler. Meniň özüm-ä futbol oýnamagy gowy görýärin. Kino görülýän, suwa düşülýän hem-de küşt oýnalýan ýerlerde hem wagtymyz juda gowy geçýär. Biz bu ýerde diňe bir dynç alman, täze-täze dostlarymyzy hem tapdyk. Biz çagalaryň sagdyn ulalmaklary üçin döwrebap şertler bar. Şu zatlaryň sakasynda duran Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza soňsuz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Neşrep SETDAROW,
Arkadag şäherindäki 3-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy:

— Üç aýlyk dynç alşa çykanymyzda Gökderä dynç almaga gitmäge taýýarlanýarys. Bu ýyl dynç almaga öz doganym bilen bile geldim. Biziň dynç alýan ýerimiz «Ýaşlyk» sagaldyş merkezi. Dag tebigatynyň gözelligini bu ýerden synlamak juda ýakymly. Çar ýanyň dag gerişleri. Arassa howa. Özüm ýaly deň-duşlarymyz bilen bile dürli oýunlary oýnaýarys. Küşt bilen yzygiderli meşgullanýaryn. Biz bu ýerde dynç alyş merkezleriniň arasynda geçirilýän dürli bäsleşiklere hem gatnaşýarys. Ol hem biziň wagtymyzy hezil geçirmegimiz üçin döredilen mümkinçilik diýip bileris. Sebäbi bäsleşikde öz ukyp-başarnygyňy açmaly. Ýeňiş gazanyp bilseň, ilki bilen-ä, öz abraýyň. Galyberse-de, mugallymyň hemem dynç alýan merkeziň abraýy. Biz çagalaryň geljeginiň aladasy taýsyzdyr. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys.

Şirmyrat BABALYÝEW,
Arkadag şäherindäki 10-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy:

— Her ýylyň tomsunda özüm ýaly çagalar bilen Gökderä gidip wagtymy şadyýan geçirmek islegim bardy. Ynha, şu ýyl Gökderä dynç almaga geldim. Bärde wagtymyz diýseň hezil geçýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen deň-duşlarym bilen tanyşdym. Bu ýerde mugallymlarymyz köp zatlary öwredýär. Sport bilen meşgullanýarys. Toparlaryň arasynda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşýarys. Onda hem ýeňiş gazansak, ýörite sowgatlary berýärler. Kitap okajak bolsaň hem bu ýerde mümkinçilik bar. Özüm-ä ertekili kitaplary okamagy gowy görýärin. Şonuň üçin bu ýeriň kitaphanasyna gitsek ertekili kitaplary hökman okaýaryn. Öýümizde-de kakamam, ejemem kitaby köp okamaly diýip ündeýärler. Biz çagalaryň bilimli bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çaga ýüregimden alkyş aýdýaryn.

2025-07-0974