
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan: — Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr
5-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza we Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Ir säher bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjegine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda paýtagtymyzda gurulýan lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary we gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk merkezleriniň taýýarlanylan taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer lukman Arkadagymyzdan ýurdumyzyň saglyk merkezleriniň işini kämilleşdirmek, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň taslamalary, okuw-ylmy merkezlerde tejribeli lukmanlary taýýarlamak, bu ugry ösdürmek babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamalar barada degerli maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar we lukmançylyk edaralarynyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyny ödemeýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda işleýän ýolbaşçylaryň işiniň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirendigini nygtady. Saglygy goraýyş ulgamyna ösen tehnologiýalar, sanly ulgam işjeň ornaşdyrylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde lukmanlaryň tejribe toplamagy, hünäriniň kämilleşdirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän häzirki zaman saglyk merkezlerine barýan ýollaryň ugrunda ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň çäginde Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň gurulmagynyň we toplumyň ýanynda lukmançylyk boýunça bilim berýän mugallymlar, aýratyn-da, ýaş mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, talyplar üçin bolsa umumy ýaşaýyş jaýynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, wise-premýer B.Annamämmedowa bu babatda hormatly Prezidentimize ýüzlenmegi maslahat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dikuçarda Arkadag şäherine tarap ugur aldy. Uçuşyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan binalary we saglyk merkezlerini synlady.
Hormatly Arkadagymyz guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryny, lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň ýerleşýän ýerlerini we gurluşyk işlerine girişmek üçin ýaýbaňlandyrylan taýýarlyklaryň barşyny gördi. Häzirki döwürde ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk milli ýörelgeleri dowamata atarylýar. Asylly däp-dessurlaryň ösdürilmeginde Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde bina edilýän metjide möhüm ornuň degişlidigini nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan täze şäher ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär. Bu künjegiň medeni-durmuş maksatly binalary, önümçilik toplumlary, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň keşbi has-da gözel görünýär. Milli Liderimiziň dikuçary täze şäheriň ýokarsyndan öwrüm edip, paýtagtymyza tarap ugur aldy.