TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Akylly» şäher: aragatnaşykda ýokary tizlik

«Akylly» şäher: aragatnaşykda ýokary tizlik

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda şähergurluşyk özgertmeleri häzirki döwrüň ölçeglerine we talaplaryna, abadançylyk, ekologiýa şertlerine, binagärlik keşbine, «akylly» hem-de emeli aň tehnologiýalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Bu bolsa gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň ýokary hilini kepillendirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilen Arkadag şäheri şeýle beýik we ajaýyp işleriň anyk subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasynyň işe ornaşdyrylmagyna ak pata berdi. Şeýlelikde, «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri ýene bir tehnologiýa ösüşine gadam basdy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bu şäherde 5G tehnologiýasy doly ornaşdyryldy.

Täze tehnologiýa diňe bir şäheriň däl, tutuş ýurduň sanly özgertmelerinde öň görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri açar. Bu diňe bir ykjam aragatnaşygyň nobatdaky nesli bolman, eýsem, şäher infrastrukturasyndaky özgerişlere we durmuşymyzyň köp ugurlarynda netijeliligi ýokarlandyrmaga ukyply möhüm tehnologiýadyr. 5G ýokary tizlikli internet ulgamy indi Arkadag şäheriniň ähli ýerini gurşap alar, işlemek üçin netijeli şertleri döreder we sanly ösüş üçin güýçli itergi berer. 5G tehnologiýasynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem, bir inedördül kilometr aralykda müňlerçe sanly tehnologiýalary birbada baglamaga ukyplylygydyr. Bu bolsa geljekde dörejek «akylly» şäherleriň hem-de «akylly» öýleriň binýadyny düzjek enjamlaryň giňden ornaşdyrylmagy üçin örän möhümdir.

5G tehnologiýasynda daşarky we içerki antennalaryň ulanylmagy bilen ýokary hilli we durnukly signal üpjün edilýär, bu öz nobatynda açyk meýdanlarda hem-de ýapyk binalarda bökdençsiz birikmäni üpjün edýär. Ol işler Türkmenistanyň sanly innowasiýalary işjeň ornaşdyrýan döwlet hökmünde halkara giňişlikdäki ornuny has-da berkitmäge mümkinçilik berýär. 4K göni ýaýlym wideo we beýleki ýokary tizligi talap edýän programma üpjünçilikleriniň peýdalanylmagyny üpjün edýär. 5G tehnologiýasy — ýolyşyklary, köçe yşyklandyryş ulgamyny, «akylly» awtoulag duralgalaryny, kamera gözegçiligini uzakdan dolandyrmagyň hem täze derejesidir. 5G tehnologiýasynyň başga mümkinçilikleri-de örän ýokary bolup, senagatda uzak aralykdan gazyp alyş işlerini, awtonom dolandyryşy, saglygy goraýyşda lukmançylyk kömegini, onlaýn maslahatlary, hatda hirurgiýa bejergileri ýerine ýetirmäge, bilim ulgamynda ýokary tizlikli maglumat elýeterliligini döwrebap derejede üpjün etmäge, oba hojalykda ösümlikleriň ýagdaýyny barlamaga we dronlar arkaly wideogözegçilik etmäge şert döredýär. 5G tehnologiýasy islendik internete birikdirilen enjamlary öz içine alýar we onlaýn dolandyrýar.

Mahlasy, Arkadag şäherinde 5G ulgamynyň ornaşdyrylmagy diňe bir şäher üçin möhüm ädim bolman, eýsem, bu tehnologiýany tutuş ýurt boýunça ýaýratmak üçin başlangyçdyr. Goý, halkymyzyň bagtyýar günleriniň gujagynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

2025-07-0916