TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadag şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähi şanly ýyly şöhratla...

Arkadag şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähi şanly ýyly şöhratlandyrýar

Bu ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýar. Hut şonuň üçin şanly ýylda her bir ildeşimiziň göwni öňküden-de ganatly. Arkadag şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde gezelençde wagtyň hemişelik Bitaraplygymyz bilen baglanyşykly pikirler sere dolup, ýürekde Watana söýgiňi joşdurýar.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça seýilgähleriň, seýilbaglaryň ýüzlerçesi bar. Olar türkmen tebigatyny, ösümlik dünýäsini, halkymyzyň daşky gurşawa we ekologiýa abadançylygyna bolan aýawly garaýşyny, soňlanmaz aladasyny açyp görkezýär. Seýilgähler adamlaryň şatlanýan, rahatlanýan, ýakymly pursatlaryň, gyzykly gürrüňleriň, ýürekde beslenen arzuwlaryň paýlaşylýan ýeridir. Olar biri-birinden ady, gurluşy, ýerleşişi boýunça tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde ýerleşýän «Bitaraplyk» seýilgähine baranyňda, biygtyýar türkmen Bitaraplygy hakynda oýlanýarsyň.

Arkadag şäherinde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde, medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, owadan suw çüwdürimleriniň gurulmagyna-da möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini aýdyň görkezýär. Ýeri gelende belläp geçsek, «akylly» şäherde 11 sany seýilgäh zolagy bolup, olar: «Arkadag», «Garaşsyzlyk», «Oguzhan», «Bagtyýarlyk», «Berkararlyk», «Sungat», «Medeniýet», «Miras», «Dynç alyş seýilgähi», «Bagtyýar ýaşlar» hem-de «Bitaraplyk» seýilgähleridir. Arkadag şäheriniň binagärlik keşbini emele getirýän ak mermerli binalar bilen ajaýyp sazlaşygy döredýän bu seýilgähler elmydama köp adamly.

Şäheriň günbatar tarapynda, Arkadag şaýolunyň we Ahal köçesiniň aralygynda ýerleşýän «Bitaraplyk» seýilgähi hem ajaýyp künjekleriň biri bolup, goýny baglardyr güllere beslenen. 8.1 gektar meýdany eýeleýän ajaýyp seýilgähiň Arkadag şaýoly tarapynda Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň binasy, 5 gatly ýaşaýyş jaýlary, kottejler toplumy hatarlanyp dur. Seýilgähde ylgaw ýodalarynyň bolmagy onuň taslamasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn üns berlendigini görkezýär. Şeýle-de onda ornaşdyrylan taýçanagyň we türkmen alabaýlarynyň heýkelleri «akylly» şäheriň ýerleşýän ajaýyp künjegi bolan Köpetdagyň eteginiň gadymdan bäri ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaý tohum itleriniň mekanydygyny alamatlandyrýar.

Görnüşi we gerimi boýunça göwrümli, gelim-gidimli, surat ýaly owadan seýilgäh seni täsin bir dünýä äkidýär. «Akylly» şäheriň gök öwüsýän seýilgähleri şäheriň gözel binagärlik keşbi bilen üýtgeşik sazlaşygy döredýär. Bu bolsa ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, howa gurşawyny zyýanly zyňyndylardan arassa saklamakda örän ähmiýetlidir. Mälim bolşy ýaly, zyýanly gazlary özüne siňdirýän bir daragt ýylyň dowamynda bir adamyň ömrüne ýetjek kislorod bölüp çykarýar. Bu hem gözel tebigatyň ynsanlara rysgal-bereket we saglyk eçilmesidir.

Ynsan tebigatdan üzňe bolup bilmez. Her gün gijara Arkadaglylaryň «Bitaraplyk» seýilgähine aýlanyp, wagtlaryny hoş geçirýändigini göreniňde «tüýs bagtdan paýly ynsanlaryň bagtyýar günleri şu bolmaly» diýeniňi duýman galýarsyň. Sebäbi bu ýerde kiçijik çagajyklaryň tigir sürüşleri, olaryň ýanlaryndaky atalarydyr eneleriniň guwançdan doly ýüzleri, ýaşlaryň bolsa, ýaşlygyň şäherine aýratyn ýaraşyk bermegi hakykatdan hem seni biparh goýmaýar. Şeýle ýakymly pursatlara bu şäher juda baý. Garaz, bir söz bilen aýdanyňda Arkadag şäheriniň aýratyn bezegine öwrülen seýilgähleri göwnüňi göge göterýär.

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde uly many bar. Türkmen Bitaraplygyna mahsus bolan parahatçylyk, asudalyk, abadançylygyň ýoly bilen ösüş-özgerişe ýetmek, birek-birege ynanmak, bil baglamak, umumadamzadyň nurana geljegini bilelikde gurmak ýaly möhüm wezipelerdir asylly ýörelgeler häzirki wagtda bütin dünýäde uly rowaçlyga eýe bolýar. Asyrlaryň synagyndan geçen halkymyzyň bu asylly ýol-ýörelgesi her bir ynsanyň durmuşyna ýagty şamçyrag bolup öz nuruny saçýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz tagallalary bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 30 ýyllygy bellenilýän mukaddes Bitaraplygymyzyň bütin dünýäde ykrar edilýändigi her birimizi nurana geljege sary äkidýär.

Türkmen Bitaraplygy geçen çärýek asyrdan gowrak döwrüň içinde ata Watanymyza, mähriban halkymyza asudalygy, abadançylygy, ösüş-özgerişi, nurana geljegi, halkara derejede bütin dünýäde belent at-abraýy bagyş edip, ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamyny hasyl etdi. Hut şonuň üçin hem «Bitaraplyk» adyny göterýän bu seýilgäh Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da gözel, has-da täsin görünýär.

2025-07-0973