TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Garaşsyzlyk ýyllary içinde Siziň baştutanlygyňyzda ýurduňyzyň syýasy we ykdysady durmuşynda uly üstünlikler gazanyldy, halkara giňişlikde amala aşyrylýan netijeli işleriňiz bolsa Täjigistan Respublikasynyň abraýyny belende göterdi. Biziň ýurtlarymyzyň giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlygyny aýdyň görkezýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlagynda belledi hem-de dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli işinde üstünlikler, Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

2023-09-09271