TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Milli lybaslaryň terbiýeçilik täsiri

Milli lybaslaryň terbiýeçilik täsiri

«Döwlet umumybilim edaralary hakynda Düzgünnamada» bellenilişi ýaly, okuwçylarda ýokary medeniýetliligi we ahlak sypatlaryny terbiýelemek, terbiýeçilik işlerini türkmen halkynyň milli terbiýeçilik däpleri we umumadamzat ruhy gymmatlyklary, häzirki zaman terbiýeçilik usullary we görnüşleri bilen berk utgaşyklykda guramak, watançylyk duýgyny ösdürmek mugallymlaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir.

Milli terbiýe her bir bilim işgäriniň üznüksiz zähmetiniň esasy düzüm bölegi bolup durýar. Terbiýe bermek işi üçin belli bir wagt birligi kesgitlenmeýär. Onuň görnüşleri-de, amala aşyrmagyň wagty-da, orny-da dürli-dürlüdir. Ýaşlary terbiýelemek işi milli däp-dessurlarymyzy aýap saklamak, asyllylyk ýaly ýörelgeler bilen baglanyşyklykda alnyp barlanda döwrebap terbiýäniň öňde duran wezipelerini çözmegi üstünlikli amala aşyrmak mümkindir. Häzirki wagtda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň terbiýeçilik işindäki täsirli ähmiýeti barha artýar. Şolaryň arasynda türkmeniň milli lybasy hem halkymyzyň däp-dessurlara bolan hormatynyň, ruhy keşbiniň, medeniýetinde, edep-terbiýesinde ýeten derejesiniň ölçegidir. Halk mydama öz döreden däplerine aýratyn hormat bilen garapdyr, bu häzir hem şeýledir.

Çagalara terbiýe berlende, olarda milli keşpde geýinmek endiklerini kemala getirmek we ösdürmek ähmiýetlidir. Çagalar bagynda körpelere millilik barada düşünje berenimizde, bu işe eýýäm bakja toparyndan başlaýarys. Sözleýiş dili sapaklarynda «Egin-eşikler» atly temada toý-baýramlarymyzy milli egin-eşiklerimizde geçirilýändigi barada düşünje berilýär. Şekillendiriş sungaty sapagynda bolsa keteni köýnegiň suratyny çekmegi öwredýäris. Reňkli kagyzlardan ýelimlemek arkaly keteniniň şekilini ýasamaklaryna ýardam edýäris. Keteniniň türkmen gyz-gelinleriniň milli lybasydygyny, ony dokap taýýarlanylýandygyny, gelin-gyzlarynyň görküne görk goşýandygy barada aýdyp berýäris. Çagalary milli şaý-sepler bilen hem şekillendiriş sungaty sapagy arkaly tanyşdyrmak netijeli bolýar. Çagalara Parfiýa imperiýasy, Horezm şalar döwleti, Beýik Seljuklylar imperiýasy, ýaşap geçen beýik şahsyýetleriň Watan, toprak üçin bitiren işleri hakynda gürrüň bermek bilen, olarda mertlik, edermenlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek bolýar.

2025-10-1512