Şöhratly mekanyň şanly mukamy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu şäheriň medeniýetleriň ösüşindäki ornunyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Şu ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň, gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly medeni-köpçülikleýin çärelerine giň gerim berildi.
Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy geçirildi. Oňa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistan Watanymyzyň medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny ýylyň dowamynda geçirilen çäreleriň tassyklaýandygyny nygtadylar. Şeýle şertler döredilendigi üçin bolsa Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sagbolsunlaryny aýtdylar.
«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bar. Onda halklaryň arasyndaky medeni mümkinçilikler açylyp görkezilýär, bir-birek bilen tejribe alşylýar. Her halkyň aýratynlyklary, olaryň mirasy bilen tanyşmaga gowy mümkinçilikler döreýär. Çünki medeni paýtagt diýlip yglan edilen şäherde şol ýylyň dowamynda giň gerimli çäreler geçirilýär. Muňa Änew şäherinde geçirilen baý mazmunly çärelerem şaýatlyk edýär. Ilki bilen, bu şäheriň şeýle derejä eýe bolmagy bilen bagly açylyş dabarasyny, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň II teatr festiwalyny, ýakynda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyny, «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasyndaky aýdymçylaryň konsertini, dürli görnüşli döredijilik bäsleşiklerini, maslahatlary görkezmek bolar. Şol dabaralaryň çäklerinde biziň Milli «Ak bugdaý» muzeýimizde hem TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Muzeý işinde häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmagyň tejribesi» atly TÜRKSOÝ-nyň muzeýler birleşiginiň III maslahaty we «Türki dünýäsiniň Muzeýleriniň III duşuşygynyň tamamlanmagy» atly halkara ylmy maslahatlary geçirildi. Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzyň gadymy şäherleri şeýle abraýly derejä ikinji gezek mynasyp bolýar.
Dabaranyň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň köpöwüşginli konserti boldy. Ondaky çykyşlar her halkyň milli aýratynlyklaryny açyp görkezdi. Daşary ýurtly myhmanlaryň, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň sazlaşmagy bilen ajaýyp baýramçylyk şowhuny döredi. Türk, gazak, gyrgyz, özbek halk tans toparlarynyň çykyşy, ýerine ýetirilen küştdepdi örän täsirli boldy. Şeýle-de dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň wekillerine TÜRKSOÝ-nyň ýörite kubogy we «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy.