Üstünliklere serpaý
Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlarymyzy sylaglamak dabarasy boldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp boldular. Ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerinden ylhamlanýan we döredijilikli zähmet çekýän, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere saldamly goşant goşýan ýaşlaryň hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada eýe bolmagy has-da buýsandyryjydyr.
Edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlara berlen bu sylag belent mertebedir. Bu baýrak ýaşlaryň üstünliklerine serpaýdyr.